General Motors çärýeklik arassa girdejisini 40% azaltdy

  • 29.07.2022 16:27
  • 3.8k+

Amerikan awtoöndürijisi General Motors (GM) 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde arassa girdejisini 40% azaltdy, şol bir wagtyň özünde düzedilen görkeziji bazaryň garaşanyny ödemedi. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Aprel – iýun aýlarynda kompaniýanyň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 2,836 mlrd dollar ýa-da paý üçin 1,9 dollar bilen deňeşdirilende, 1,692 mlrd dollara ýa-da paý üçin 1,14 dollara çenli azaldy. Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan düşewünt 2021-nji ýylyň degişli döwründäki 1,97 dollara garşy paý üçin 1,14 dollar boldy.
Girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 34,167 mlrd dollar bilen deňeşdirilende 35,759 mlrd dollara çenli artdy. FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler GM-iň girdejisiniň ortaça 33,185 mlrd dollar, düzedilen düşewündiň paý üçin 1,33 dollar bolmagyny çaklapdylar. 
Kompaniýa 2022-nji ýyl üçin çaklamasyny tassyklady. Onuň hasabyna görä, şu ýyl GM-iň arassa girdejisi 9,6-11,2 mlrd dollar, paý hasabynda düşewünt 5,76-6,76 dollar, paý hasabynda düzedilen düşewünt 6,5-7,5 dollar bolar.
Analitikler arassa girdejiniň ýylyň jemi boýunça paý üçin 6,89 dollar bolmagyna garaşýarlar. 
2022-nji ýylyň başyndan bäri GM-iň kapitallaşdyrmasy 41% azalyp, 50,56 mlrd dollar boldy, S&P 500 indeksi bu döwürde 17%-i ýitirdi. 


04.02.2026 12:43
7.4k+

Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýuta dörediler

Truth Social sosial torunyň, Truth+ striming platformasynyň we Truth.F  finteh-brendiniň operatory bolan Trump Media and Technology Group (TMTG) kompaniýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýutany çykarar...

24.01.2026 15:31
2.9k+

TikTok-yň amerikan wersiýasy gutarnykly täze kompaniýanyň gözegçiligine geçdi

TikTok özüne ABŞ-da işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýän ylalaşygyň ýapylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu onuň Amerikadaky işlerini Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan aýyrýandygyny aňladýar. TikTok-y gadagan etmek pikirini ilki Donald Tramp 2020-nji ýylda, birinji prezidentlik möhletinde öňe sürdi we başlangyç Jo Baýdeniň döwründe has-da güýçlendi...

08.01.2026 21:04
4.7k+

Tesla Cybercab-y elden gidirdi: bu haryt nyşanyna içgi öndürýän kompaniýa dalaş edýär

Tesla kompaniýasy Cybercab haryt nyşanyny geljekki sürüjisiz taksisi üçin hasaba almak synanyşygynda kanuny kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. ABŞ-nyň Patent we haryt nyşanlary boýunça edarasy (USPTO) kompaniýanyň arzasyna seretmegini togtatdy...

02.01.2026 12:14
5.1k+

Samsung ABŞ-da iPhone 18 üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlar

Samsung kompaniýasy ABŞ-da iPhone 18 smartfonlar toplumy üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlamagy meýilleşdirýär diýip, The Elec neşiri habar berýär. Neşiriň berýän maglumatyna görä, Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Tehas ştatynyň Ostin şäherindäki zawodynda CMOS şekil sensorlarynyň önümçiligini ýola goýmakçy bolýar...