Hytaý 2027-nji ýyldan başlap gapy tutawaçlary gizlenýän elektromobilleri gadagan eder

  • 02.01.2026 11:07
  • 8.1k+

2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Hytaýda gapy tutawaçlary çykýan (gizlenýän) täze elektromobilleriň satuwy gadagan ediler. Gürrüň gapyny açyş mehanizmleri doly elektrik energiýasyna bagly bolan modeller barada gidýär. Daşky enjamlaşdyryşyň bu elementi estetiki taýdan owadan görünýär, aerodinamik garşylygy azaldýar we futuristik keşbi emele getirýär, ýöne şeýle çözgütler howply diýlip hasaplanyldy.

Düzgünleşdiriji edaralar heläkçilik ýüze çykanda ýa-da elektrik togy kesilen ýagdaýynda elektron mehanizmleriň gapylary bekläp (bloklap), ýolagçylaryň ulagdan çalt çykmagyna päsgel berip biljekdigini belleýärler. Şeýle ýagdaýlarda gapyny açmak meselesi diri galmak meselesine öwrülip biler.
Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi agramy 3,5 tonna çenli bolan ulaglaryň içki we daşky gapylarynda mehaniki gyssagly açyş tutawaçlarynyň bolmagyny talap edýän kanun taslamasyny çap etdi. Täze kadalara görä, batareýa hatardan çykan ýagdaýynda-da, gapylar el bilen açylyp bilinmelidir. Autoblog neşiriniň bellemegine görä, köp elektrik ulaglarynda şeýle tutawaçlar bar, ýöne olar gaty gizlin ýerleşdirilen, ulanmak oňaýsyz ýa-da adatdan daşary ýagdaýlarda işlemeýär. Şeýle hem, sowuk howada tutawaçlaryň doňup açylmazlygy ýa-da barmaklary gysmagy ýaly kemçilikler hasaba alyndy.
Täze talaplar BYD we Mercedes-Benz ýaly iri brendlere hem degişli bolar. Tesla kompaniýasyna aýratyn üns berilýär: onuň ähli modelleri elektron dolandyrylýan gizlin tutawaçlary ulanýar. Tesla awtoulaglarynda toguň kesilmegi we gapylaryň açylman galmagy netijesinde azyndan 15 adamyň heläk bolandygy mälimdir. Käbir ýagdaýlarda Tesla Model Y ulagynyň ýolagçylary daşyna çykmak üçin äpişgeleri döwmäge mejbur boldular.
Hytaý elektrik awtoulaglarynyň iň uly bazary bolup galýandygy sebäpli, öndürijiler bu bazarda galmak üçin gapy gurluşlaryny täzeden gözden geçirmeli bolarlar. Beýleki ýurtlaryň hem Hytaýyň bu tejribesine eýermegine garaşylýar.


29.05.2026 23:38
3.3k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......