Ferrari Luce dünýäniň iň gymmat tapgyrlaýyn elektrokary adyna dalaş edýär

  • 07.05.2026 11:15
  • 2.1k+

Ferrari markasynyň Luce diýlip atlandyrylan ilkinji doly derejeli elektromobili dünýäde iň gymmat seriýaly elektrokar bolup biler. Onuň deslapky bahasy 550 müň ýewro möçberinde çaklanylýar.

Resmi tanyşdyrylyşyň diňe birnäçe hepdeden soň boljakdygyna garamazdan, Bloomberg agentligi bahanyň eýýäm kesgitlenendigini we onuň diňe 10% töweregi üýtgedilip bilinjekdigini habar berýär. Bu täze model Purosangue krossowerinden 100 müň ýewro gymmat bolup, brendiň iň gurply müşderileriň arasynda özüne çekijiligini saklamak strategiýasyny aýdyň görkezýär.

Luce modeliniň iki hatar oturgyçly we dört ýa-da bäş gapyly grand-turer kuzowynda bolmagyna garaşylýar. Kompaniýa nusgawy nepislik we sport dinamikasyna üns berip, bu modelde krossower aýratynlyklarynyň boljagyny inkär edýär. Tehniki häsiýetnamalary haýran galdyrýar: umumy kuwwaty müň at güýjünden geçýän dört sany elektrik motory awtomobiliň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,5 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berer.

Geljekki täze önümiň salony eýýäm bölekleýin mälim edildi, emma kompaniýa ähli jikme-jiklikleri resmi tanyşdyrylyşa çenli gizlin saklaýar. Bilermenler, çäkli mukdarda çykarylýan giperkarlary hasaba almanyňda, Luce modeliniň ultra-kaşaň seriýaly elektromobiller segmentindäki boşlugy doldurjakdygyny belleýärler.

Modeliň resmi tanyşdyrylyşy şu ýylyň maý aýynda meýilleşdirilýär.


düýn 18:36
2.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.5k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....