BYD elektromobilleriň ýyllyk satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

  • 04.01.2026 22:10
  • 3k+

Hytaýyň BYD kompaniýasy 2025-nji ýylyň jemi boýunça Tesla-dan öňe geçip, dünýäde iň uly elektromobil satyjysy boldy. Bu barada Interesting Engineering neşiri ýazýar.

BYD-yň 1-nji ýanwardaky hasabatyna görä, kompaniýanyň ýyllyk satuwy tas 28% ýokarlanyp, 2,26 mln birlige ýetdi.
2-nji ýanwarda hasabat beren Tesla bolsa bary-ýogy 1,64 mln elektromobil satmagy başardy. Ilon Maskyň kompaniýasy üçin bu yzygider ikinji ýyl pese gaçyşdyr – üpjünçilik 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan, 8% azaldy. Dördünji çärýek hasam şowsuz boldy: netijeler geçen ýylkydan 16% pes boldy.
Ýeri gelende ýatlap geçsek, 2011-nji ýylyň oktýabrynda Mask Bloomberg TV teleýaýlymyna interwýu beripdi. Şol söhbetdeşlikde Mask bäsdeş hökmünde BYD baradaky soraga gülüp, «Men olaryň, hakykatdanam, gowy önümi bardyr diýip pikir edemok» diýip jogap beripdi.
Birnäçe ýyldan soň BYD-yň elýeterlilige, hususy akkumulýatorlara we bäsdeşlige ukyply bahalara esaslanan strategiýasy hytaý kompaniýasyny öňdäki hatara çykardy. Häzir awtoöndüriji Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryny işjeň eýelemegi dowam etdirýär.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......