Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

  • 02.05.2026 11:52
  • 5.2k+

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady.

Ilkinji nusgalar, şol sanda «VIN Zero» belligi bolan ulag, eýýäm önümçilikden özbaşdak çykyp, duralga ýerlerine baryp durýar. Bu amallarda ulaglar hiç hili sürüjisiz, diňe maşyn görşüne esaslanýan «Full Self-Driving» (FSD) ulgamyna bil baglaýarlar.

Bu waka taslamanyň nusga tapgyryndan köpçülikleýin önümçilik tapgyryna geçendigini aňladýar: 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda ilkinji «Cybercab» öndürilenden soň, «Giga Texas» zawody her hepdede ýüzlerçe ulag öndürmäge taýýarlyk gördi. Şu aýyň başynda kärhananyň çäginde eýýäm 60 sany taýýar ulag hasaba alyndy. Tapgyrlaýyn awtomobiliň salonyndan alnan wideoşekiller rul we pedallaryň ýokdugyny tassyklap, özbaşdak dolandyryş ulgamynyň hakyky önümçilik şertlerinde nähili işleýändigini görkezýär.

Cybercab ilkinji gezek 2024-nji ýylyň oktýabrynda «We, Robot» çäresinde tanyşdyrylypdy. Taslamanyň ähli zawodlar doly kuwwatyna eýe bolanda, ýylda 2 million sany ulag öndürmegi maksat edinýär.

Iki orunlyk ulag Ilon Mask tarapyndan robotaksi üçin iň netijeli görnüş hökmünde saýlanyp alyndy, sebäbi saparlaryň 90 göterimi bir ýa-da iki ýolagçy tarapyndan amala aşyrylýar. Yzky oturgyçlaryň we dolandyryş serişdeleriniň ýokdugy sebäpli gurluşyň ýönekeýleşdirilmegi awtomobiliň bahasynyň 30 000 dollardan pes bolmagyny, ulanyş çykdajylarynyň bolsa bir mil üçin takmynan 0,20 dollar bolmagyny üpjün etmelidir.

Cybercab-yň üstünligi Tesla ekoulgamynyň maliýe we amaly görkezijileri bilen hem goldanylýar. Maglumatlara görä, FSD ulgamynyň 456 000 töweregi işjeň abunaçysy kompaniýa her aýda 45 million dollardan gowrak girdeji getirýär.

Awtopilotyň ulanylyşy hem çalt depginler bilen ösýär: Tesla awtomobilleri FSD tertibinde her gün ortaça 46 million kilometr ýol geçýärler, bu bolsa üç aý mundan ozalky görkezijilerden iki esse köpdür.


17.06.2026 10:28
1.2k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......