Sony we Honda bilelikdäki ikinji elektromobilini tanyşdyrdylar: Birinji model eýýäm şu ýyl satuwa çykýar

  • 11.01.2026 11:54
  • 2.5k+

Las-Wegasda geçirilen CES 2026 halkara sergisinde Sony Honda Mobility (SHM) bilelikdäki kärhanasy özüniň ilkinji seriýaly elektromobili bolan Afeela 1-iň şu ýylyň ahyryna çenli ABŞ-da satuwa çykaryljakdygyny habar berdi. Satuwlar ilki Kaliforniýada başlap, 2027-nji ýylda Arizona we Ýaponiýa çenli giňär.

Bahasy takmynan 90 000 dollar boljak bu sedanyň satuwlaryna şu ýyl badalga berler.
Sergide kärhananyň ikinji modeli — ýerden beýikligi ýokarlandyrylan (krossower stilinde) täze prototip hem görkezildi. Bu model ABŞ bazaryna 2028-nji ýylda çykar.
Ulaglar diňe bir gatnaw serişdesi däl, eýsem "tekerli akylly enjam" hökmünde işlenip düzüldi:
Ulagyň elektron binýady Qualcomm Technologies tarapyndan üpjün ediler, daşky gurşawa bolsa Sony-niň ýokary takyklykly datçikleri gözegçilik eder.
Başlangyç tapgyrda L2+ derejeli awtonomlyk, geljekde bolsa doly diýen ýaly özbaşdak dolandyryş bolan L4 derejesine geçmek meýilleşdirilýär.
Multimedia ulgamy OpenAI we Microsoft Azure tehnologiýalaryna esaslanan şahsy kömekçi bilen enjamlaşdyrylar.
Sony-niň tejribesi ulagyň içinde wagtyňyzy gyzykly geçirmäge kömek eder:

  • PlayStation 5: Ulagyň bort ulgamy arkaly PS5 oýunlaryny göni merkezi ekranda oýnap bolar.
  • Web3 we Kripto: Kompaniýa kriptowalýuta sylaglary bolan täze mobil hyzmatlaryny we açyk programma üpjünçiligi platformasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Awtoulaglar Honda-nyň ABŞ-nyň Ogaýo ştatyndaky zawodynda öndüriler.


24.06.2026 18:36
4.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......