Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

  • şu gün 10:06
  • 689

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji müşderilerine gowşurmagy meýilleşdirýär.

Inženerleriň aýtmagyna görä, «Model A» ýollarda adaty ulag ýaly sürüp bolýan, şol bir wagtyň özünde bolsa dikuçar ýaly uçup hem gonup bilýän dünýäniň ilkinji uçýan elektromobilidir. Häzirki wagtda Kremniý jülgesindäki zawodda bu ulaglaryň ilkinji nusgalaryny ýygnamak işi eýýäm başlandy.

Ulaglaryň ilkinji tapgyry robotlar tarapyndan däl-de, el bilen ýasalar we olar iň öňürti sargyt eden müşderilere berler. Şeýle-de ulaglar hünärmenleriň gözegçiliginde hakyky durmuş şertlerinde synalyp görler we kompaniýa ilkinji eýelerine ulagy nädip dolandyrmalydygyny öwreder.

Taslamanyň baş direktory Jim Duhowny işleriň bellenen meýilnama boýunça barýandygyny aýdýar. Bu taslama mundan 10 ýyl öň başlanypdy. Onuň esasy maýadary we maslahatçysy meşhur Tesla kompaniýasyna we bitkoine iň irki maýa goýan meşhur Tim Dreýperdir.

Uly ölçegdäki ilkinji nusgasy 2022-nji ýylda tanyşdyrylan elektromobil adaty ulag ýaly 350 kilometr ýol geçip bilýär, asmanda bolsa 170 kilometr aralyga çenli uçmaga ukyby bar.

Tanyşdyrylyşdan soň, «Alef» kompaniýasy ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy dolandyryşyndan ýörite uçuş rugsatnamasyny almagy başardy. Häzirki wagta çenli dünýä boýunça bu uçýan ulag üçin 3500-den gowrak deslapky sargyt alyndy. Sargytlaryň umumy bahasy takmynan 1 milliard dollara barabar boldy.


şu gün 06:05
1.3k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......

düýn 11:31
4.5k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

düýn 09:35
1.6k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

20.05.2026 15:10
3.1k+

Nissan ABŞ-da iň çalt ösýän awtoulag brendine öwrüldi

Nissan kompaniýasy 2025-nji maliýe ýylyny ABŞ-da köpçülikleýin awtoulag bazarynda iň çalt ösýän brend hökmünde tamamlady. Nissan-yň dilerlik merkezlerinde brendiň bölek satuwy 12 aý yzly-yzyna artdy....