Atlantada dünýäde ilkinji sürüjisiz jemgyýetçilik ulagy işe giriziler

  • 20.02.2026 12:48
  • 5.2k+

ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta aglomerasiýasynda dünýäde ilkinji doly awtomatlaşdyrylan jemgyýetçilik ulag ulgamynyň synag taslamasyna badalga berilýär. 

Kaliforniýanyň Glydways kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen bu tehnologiýa esas hökmünde ýörite gurlan ýollar boýunça özbaşdak hereket edýän sürüjisiz elektromobiller hyzmat edýär.  Taslamany amala aşyryjylar şäher ýollaryndaky dyknyşyk meselesini çürt-kesik etmegi wada berýärler. Bu ulgam metronyňky ýaly ýokary geçirijilik ukybyna eýe bolsa-da, ýol nyrhy adaty awtobuslaryňky ýaly elýeterli bolar. Iň esasy tarapy bolsa, ony gurmak üçin onlarça ýyl garaşmak ýa-da adatdan daşary çykdajylar talap edilmeýär.
Ulgamyň işleýiş ýörelgesi örän ýönekeý we amatly. Ýolagçy mobil programma arkaly ulagy çagyrýar we şondan soň, ýa-ha müşderiniň aýratyn özi üçin göz öňünde tutulan, ýa-da onuň topary üçin niýetlenen ulag gelýär. Syýahat hiç hili aralyk duralgalarda durmazdan, göni A nokadyndan B nokadyna amala aşyrylýar. Bu kiçi göwrümli elektromobilleriň beýleki uly awtoulaglar bilen ýoly paýlaşman, diňe öz ýörite zolaklarynda hereket edýändigi sebäpli, dyknyşyklarda-da saklanmaýar. Ähli amallary emeli aň tarapyndan utgaşdyrylan ulgam 24 sagatlap hyzmat eder.
Häzirki wagtda kongress merkezini we arenany «ATL SkyTrain» liniýasy bilen birleşdirjek 0,8 kilometrlik ilkinji synag halkasynyň gurluşygy dowam edýär. Glydways-iň bu täsin ulgamynyň halk köpçüligi üçin mugt synag hyzmatlarynyň 2026-njy ýylyň dekabrynda başlanmagyna garaşylýar.
Hasaplamalara görä, bary-ýogy bir welosiped ýolunyň ini ýaly ýer tutýan bu geçelge arkaly sagatda 10 000 ýolagçyny daşap bolar. Eýýäm Dubaý, Abu-Dabi, Tokio we Nýu-Ýork ýaly äpet şäherleriň bu tehnologiýa uly gyzyklanma bildirip, degişli ylalaşyklary baglaşandygyny hem bellemek gerek.


düýn 21:39
1.3k+

Emirates ilkinji gezek Airbus A380 uçaryny Starlink hemra interneti bilen üpjün etdi

Emirates awiakompaniýasy Starlink hemra interneti gurnalan ilkinji Airbus A380 uçaryny ulanylyşa girizdi. Bu ulgam ähli klaslardaky ýolagçylary mugt Wi-Fi bilen üpjün edýär....

13.05.2026 19:33
1.5k+

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

22.03.2026 14:50
5.7k+

Dünýäniň iň uly ýelkenli kruiz gämisi deňiz synaglarynda tizlik rekordyny goýdy

Orient Express Corinthian ýelkenli kruiz gämisi özüniň hereketlendiriji ulgamynyň synaglaryny üstünlikli tamamlady we degişli ölçegdäki ýelkenli gämiler üçin täze tizlik rekordyny goýdy. Dünýäde şeýle görnüşli iň uly gämi bolmaga taýýarlanýan bu gäminiň uzynlygy 220 metr töweregi bolup, umumy sygymy 25 200 tonna deňdir...

10.02.2026 13:53
3.6k+

Beýik Britaniýada batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi

Beýik Britaniýada sap batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, otly «Great Western Railway» (GWR) operatorynyň «Greenford» şahasyna yzygiderli gatnawlara başlady...