Emirates ilkinji gezek Airbus A380 uçaryny Starlink hemra interneti bilen üpjün etdi

  • 16.05.2026 21:39
  • 3.2k+

Emirates awiakompaniýasy Starlink hemra interneti gurnalan ilkinji Airbus A380 uçaryny ulanylyşa girizdi. Bu ulgam ähli klaslardaky ýolagçylary mugt Wi-Fi bilen üpjün edýär.

Kompaniýa bu tehnologiýanyň ornaşdyrylandygy barada täze ulgamly uçaryň suratyny çap edenden soň habar berdi. Emirates kompaniýasynyň bu habaryny tiz wagtdan SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask hem öz sahypasynda paýlaşdy.

Awiakompaniýanyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Emirates-iň 33 sany uçary Starlink ulgamyny goldaýar. Geljekde awiagatnadyjy şeýle laýnerleriň sanyny 232-ä çenli köpeltmegi meýilleşdirýär.

Täze ulgamly uçarlar eýýäm Ýakyn Gündogara, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna, Ýewropa, Afrika we Amerika gatnawlary amala aşyrýar.

Ýolagçylara uçuş wagtynda doly derejeli internet elýeterliligi wada berilýär. Bu ulgam göni ýaýlymda wideolary görmäge, onlaýn oýunlary oýnamaga, şol bir wagtyň özünde birnäçe enjamy birikdirmäge, söwda etmäge we göni uçaryň içinde internet torunda işlemäge mümkinçilik berýär.


şu gün 10:51
760

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......