Dünýäniň iň uly ýelkenli kruiz gämisi deňiz synaglarynda tizlik rekordyny goýdy

  • 22.03.2026 14:50
  • 5.7k+

Orient Express Corinthian ýelkenli kruiz gämisi özüniň hereketlendiriji ulgamynyň synaglaryny üstünlikli tamamlady we degişli ölçegdäki ýelkenli gämiler üçin täze tizlik rekordyny goýdy.

Dünýäde şeýle görnüşli iň uly gämi bolmaga taýýarlanýan bu gäminiň uzynlygy 220 metr töweregi bolup, umumy sygymy 25 200 tonna deňdir. Gämi has eksklýuziw syýahat görnüşi üçin niýetlenendir: gäminiň bortunda 110 ýolagçy ýerleşip biler, olar üçin 54 sany kaşaň otag göz öňünde tutuldy.

Gäminiň esasy aýratynlygy Fransiýanyň Chantiers de l’Atlantique gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Solid Sail» ýelken ulgamydyr. Ol umumy meýdany tas 4 500 inedördül metr bolan ýelkenleri göterýän üç sany bogaldakdan ybarat. Ýeliň güýji ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, gämi suwuklandyrylan tebigy gaz bilen işleýän kömekçi hereketlendirijisini ulanyp biler.

Golaýda geçirilen synaglar wagtynda gämi diňe ýelkenleriň kömegi bilen sagatda tas 22 kilometr tizligi almagy başardy. Gämi gurluşykçylaryň aýtmagyna görä, bu şeýle ululykdaky ýelkenli gämi üçin görlüp-eşidilmedik görkezijidir. Gämi ulanmaga berleninden soň, onuň iň ýokary tizliginiň sagatda 32 kilometre ýetmegine garaşylýar.

Orient Express Corinthian ýeli mümkin boldugyndan ýokary derejede netijeli ulanmak we ýokary dolandyryjylygy üpjün etmek üçin niýetlenen öňdebaryjy ýelken ulgamyny ulanýar. Gämi özüne mahsus bolan balestron gurluşlarynda oturdylan, beýikligi tas 69 metr bolan uglerod süýüminden ýasalan üç bogaldak bilen enjamlaşdyryldy.

Gämini 2027-nji ýylyň ýazynda müşderä gowşurmak meýilleşdirilýär, bu bolsa ýelkenli kruiz gämileriniň geljekki flotuny giňeltmäge mümkinçilik berer.


16.05.2026 21:39
3.1k+

Emirates ilkinji gezek Airbus A380 uçaryny Starlink hemra interneti bilen üpjün etdi

Emirates awiakompaniýasy Starlink hemra interneti gurnalan ilkinji Airbus A380 uçaryny ulanylyşa girizdi. Bu ulgam ähli klaslardaky ýolagçylary mugt Wi-Fi bilen üpjün edýär....

13.05.2026 19:33
1.5k+

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

20.04.2026 14:42
4.5k+

«Ýyldyrym» atly robot adamyň goýan rekordyny täzeledi

Pekin ýarym marafonunda «Ýyldyrym» atly doly awtonom ynsanpisint robot adamyň goýan rekordyndan has ýokary netije görkezip, taryha girdi. Bu waka robot tehnikalarynyň ösüşinde uly ädim boldy....

20.02.2026 21:38
2.7k+

Hytaýly alymlar simsiz aragatnaşygy rekord 400 Gbit/s çenli tizlige çykaryp bildiler

Pekin uniwersitetiniň alymlary Pençen barlaghanasy, Şanhaý tehnologiýa uniwersiteti we maglumat optoelektronika pudagynda Milli innowasiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda optiki süýümli we simsiz maglumat geçirijiligi birleşdirýän dünýäde ilkinji gibrid ulgamy işläp düzdi...