«Ýyldyrym» atly robot adamyň goýan rekordyny täzeledi

  • 20.04.2026 14:42
  • 4.5k+

Pekin ýarym marafonunda «Ýyldyrym» atly doly awtonom ynsanpisint robot adamyň goýan rekordyndan has ýokary netije görkezip, taryha girdi. Bu waka robot tehnikalarynyň ösüşinde uly ädim boldy.

Robot 21,1 kilometrlik aralygy 50 minut 26 sekuntda geçmegi başardy. Bu boýunça adamyň görkezen wagty 56 minut 42 sekunt boldy.

Robot pellehana ýetip barýarka bökdençlige kaklyşdy. Ony ýola çykarmak üçin inženerler el kömegini bermeli boldular. Ýaryşa 12 müň türgen we 300-den gowrak dürli görnüşli robot (gumanoid we dört aýakly) gatnaşdy.

Iň çalt wagt görkezen «Jueying Chitu» roboty (48.19) uzakdan dolandyrylýandygy üçin oňa 1,2 koeffisiýentli jerime goşuldy. Şonuň netijesinde, onuň wagty 57.58-e çykdy we awtonom hereket eden «Şandýan» resmi taýdan birinji orny eýeledi.

Gatnaşan 100 toparyň 95-siniň hytaýlylardan ybaratdygy ýurduň bu pudakdaky öňdebaryjylygyna taý ýokdugyny görkezýär.

Bu ýylky robotlar zarýad çalşyrmak ýa-da sowatmak üçin «pit-stoplara» mätäç bolmadylar. Öňki ýyllarda munuň üçinem 10 minutlyk jerime berilýärdi.

Robotlaryň uly görkezijilere eýe bolýan şeýle sport bäsleşikleri geljekde howply işlerde we raýat pudaklarynda ulanylyp bilinjek tehnologiýalaryň synag meýdançasy bolup hyzmat edýär.


düýn 09:37
1.7k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

17.06.2026 08:18
1.5k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

15.06.2026 12:29
1.3k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

03.06.2026 10:42
1k+

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....