Hytaýly alymlar simsiz aragatnaşygy rekord 400 Gbit/s çenli tizlige çykaryp bildiler

  • 20.02.2026 21:38
  • 2.7k+

Pekin uniwersitetiniň alymlary Pençen barlaghanasy, Şanhaý tehnologiýa uniwersiteti we maglumat optoelektronika pudagynda Milli innowasiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda optiki süýümli we simsiz maglumat geçirijiligi birleşdirýän dünýäde ilkinji gibrid ulgamy işläp düzdi. Bu barada ITHome neşiri habar berýär.
250 GGs-den ýokary ýygylyklarda üýtgeşik foton enjamlarynyň ulanylmagy rekord tizliklere ýetmäge mümkinçilik berdi. Signaly kabel arkaly 512 Gbit/s we simsiz kanal arkaly 400 Gbit/s tizlik bilen geçirmek başartdy.
Täze tehnologiýa 5G-niň mümkinçiliklerinden 10 esseden hem ýokary bolup, örän uly göwrümli maglumatlary minimal gijikdirmeler bilen geçirmegi üpjün edýär: test barlaglarynyň dowamynda ulgam bir wagtda 86 kanal arkaly 8K formatyndaky wideony üstünlikli ýaýlyma berdi. Bu tehnologiýa 6G ulgamlaryny ornaşdyrmak we simsiz maglumat merkezlerini döretmek üçin esas bolar.


düýn 10:51
865

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......