Tesla «Zolagy saklamak» kömegini mugt däl-de, tölegli funksiýa öwürdi

  • 27.01.2026 10:39
  • 1.8k+

Tesla täze awtoulaglar üçin esasy Autopilot bukjasynda düýpli üýtgeşme etdi. 2026-njy ýylyň täze baha gurluşyna görä, ulagy hereket zolagynda awtomatiki saklaýan kömekçi ulgam (Autosteer) indi standart komplektasiýa girmeýär. Täze Tesla elektrik awtoulaglary indi diňe adaptiw kruiz-kontrol bilen üpjün ediler.

Soňky ýedi ýyl bäri Tesla-nyň ähli modellerinde Autopilot bukjasyna iki sany esasy funksiýa mugt girýärdi:

  • TACC (Traffic Aware Cruise Control): Öňdäki ulagdan howpsuz aralygy saklaýan işjeň kruiz-kontrol (bu mugt galýar).
  • Autosteer (Zolagy saklamak): Ulagyň ruluny awtomatik dolandyryp, ony öz zolagynda saklaýan ulgam (indi tölegli).

Zolagy saklamak kömegi diňe bir amatlylyk däl, eýsem howpsuzlyk funksiýasy hem hasaplanýar, sebäbi ol sürüjiniň ýadawlygy ýa-da ünsüniň sowulmagy netijesinde ýoldan çykmak töwekgelçiligini azaldýar.
Bu üýtgeşmeden soň Tesla bäsdeşleriniň has elýeterli modellerinden hem yza galdy. Toyota Corolla «Safety Sense» bukjasy bilen zolagy saklamak kömegini mugt hödürleýär. Honda Civic bolsa «Honda Sensing» ulgamy arkaly bu funksiýany goşmaça tölegsiz üpjün edýär.
Tesla indi özüniň doly awtopilot ulgamyny (Full Self-Driving - FSD) abuna görnüşine geçirýär. Fewral aýynyň ortalaryndan başlap FSD abunasy aýda 99 dollar bolar. Öň bir gezeklik töleg 8000 dollara deňdi.
«Electrek» neşiriniň maglumatyna görä, bu täze kadalar Demirgazyk Amerikadaky täze Model 3 we Model Y satyn alýan ähli ulanyjylara degişlidir. Beýleki sebitlerde (Ýewropa, Aziýa) bu düzgüniň haçan giriziljekdigi barada heniz takyk maglumat ýok.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......