Bosch: ABŞ-da ulaglaryň aglabasy azyndan 2035-nji ýyla çenli içinden ýandyrylýan hereketlendirijili bolup galar

  • 11.01.2026 13:29
  • 5.9k+

Dünýäniň iň uly awto-düzüm böleklerini öndürijisi bolan Bosch kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili (DWS) ulaglar Demirgazyk Amerikada azyndan 2035-nji ýyla çenli öz ornuny saklap galar.

Adaty benzinli ulgamlar doly ýitip gitmän, eýsem täze görnüşe eýe bolar. Sebitdäki awtoulaglaryň takmynan 70%-inde içinden ýandyrylýan motorlar gibrid ulgamynyň bir bölegi bolar.
Motorlar gönüden-göni tekerleri aýlaman, eýsem elektrik awtoulaglarynyň ýöreýiş ätiýaçlygyny (range) artdyrmak üçin generator hökmünde ulanylar.

"Biz elektrik, gibrid we adaty benzinli ulaglaryň ösüşine deň derejede üns berýäris. Bu üýtgeşmelere deňagramly çemeleşmek zerur." — Bosch kompaniýasynyň Demirgazyk Amerika boýunça prezidenti Pol Tomas aýtdy.

Awtoöndürijiler (OEM) aşakdaky sebäplere görä gibridlere gönügýärler:

  1. Infrastruktura garaşsyzlygy: Zarýad beriş stansiýalarynyň ýetmezçilik edýän ýerlerinde ulanmak oňaýly.
  2. Köpugurlylyk: Ulagy hem elektrik, hem ýangyç bilen ulanmak mümkinçiligi.

Bazaryň häzirki ýagdaýy:
ABŞ-nyň ägirtleri eýýäm bu ugra öwrüldiler:

  • Ford: Arassa elektrikli bolan F-150 Lightning tiz wagtdan gibrid wersiýasyna eýe bolar.
  • Scout (Volkswagen): Täze modellerini başdan hem elektrik, hem-de gibrid görnüşinde hödürleýär.

17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......