Tesla sürüjisiz taksileriniň köpçülikleýin önümçiligine başlady we bahanyň 30 müň dollardan pes boljakdygyny wada berdi

  • 19.02.2026 13:46
  • 5.3k+

​Tesla kompaniýasy «Cybercab» elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine başlandygyny yglan etdi. Ilkinji seriýaly awtomobil eýýäm önümçilikden çykdy.

Tesla Ilon Maskyň ozal beren wadasyny ýerine ýetirmegi we 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ulagy alyjylara 30 müň dollardan ýokary bolmadyk bahadan gowşurmagy meýilleşdirýär.
​2024-nji ýylyň oktýabr aýynda tehnobloger Markes Braunli agzalan möhletleri berjaý etmegiň we şol bahany saklamagyň mümkindigine köpçülikleýin şübhe bildiripdi.

«Olar munuň hötdesinden hiç hili gelip bilmezler. Eger başarsalar, men kameranyň öňünde saçymy syrdyraryn. Men munuň başa barmajakdygyna şeýle bir ynanýaryn» — diýip, Braunli aýdypdy.

​Indi, köpçülikleýin önümçilik başlanandan soň, Tesla diňe bir awtomobil öndürmek bilen däl, eýsem wada berlen bahany saklamak bilen hem öz maksatlaryny tassyklamaly bolar. Ýylyň ahyryna çenli bolsa on aýdan gowrak wagt bar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......