Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

  • 06.05.2026 15:47
  • 5.2k+

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy.

Zawodyň işgärleriniň biri Stiw Pennewell sosial mediada boýalmazdan öň zawodyň işgärleriniň gollary bilen bezelen kuzowyň suratyny ýerleşdirdi. Önümçilik desgalary indi Optimus gumanoid robotlaryny öndürmek üçin, täzeden gurnaldy.

Bar bolan maglumatlara görä, işgärleriň gollary soňky bezeg işleri wagtynda boýag bilen örtülipdir, ahyrky Model X bolsa nar gyzyl reňke boýalypdyr.

Awtoulagyň onuň özboluşly derejesini tassyklaýan ýörite ýadygärlik ýazgyjyk bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar.

Mundan öň, Model X we Model S modelleriniň soňky nusgalary iň ýokary derejeli aýratynlyklar bilen, çäklendirilen nusgadaky Signature Editions görnüşinde çykaryldy. Bellenilmeli zat, bu ulaglary satyn alyjylar kazyýet jogapkärçiligine çekilmek howpy astynda elektrik ulagynyň birinji ýylyň dowamynda gaýtadan satylmagyny gadagan edýän ylalaşyga gol çekdiler.

Tesla kompaniýasy Fremont zawodyndaky boşan önümçilik hatarlaryny Optimus antropomorfik robotlaryny köpçülikleýin öndürmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär. Zawodyň kuwwaty ýylda bu androidleriň milliona çenlisini ýygnamaga mümkinçilik berýär. Söwda robotlarynyň önümçiligine şu tomusda başlamak meýilleşdirilýär.
 


düýn 18:36
2.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......