Mercedes-Benz täze elektrikli GLC-ni tanyşdyrdy we awtopilotynyň tizligini sagatda 110 km-e çykardy

  • 09.01.2026 11:12
  • 6.4k+

Las-Wegasda geçirilýän CES 2026 tehnologiýa sergisinde Mercedes-Benz kompaniýasy GLC krossoweriniň doly elektrikleşdirilen wersiýasyny we flagman S-Class sedanynyň uly täzelenmesini tanyşdyrdy.

Täze elektrikli GLC modeli özüniň üýtgeşik dizaýny bilen tapawutlanýar:

  • Daşky görnüşi: 942 sany yşyklandyrylan nokatly radiator gözenegi, korpusa "gizlenen" gapy tutawaçlary we aerodinamiki bamperler.
  • Kuwwaty: 800 woltlyk platformada gurlan awtoulag 489 at güýjüni öndürýär we bir gezekki zarýad bilen 713 km ýol geçip bilýär.
  • Salony: 39,1 dýuýmlyk äpet MBUX HyperScreen displeýi we Microsoft hem-de Google tarapyndan işlenip düzülen emeli aňly MB.OS operasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylan.

Awtopilotda täze rekord: Drive Pilot

Nemes brendi 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda çykjak täzelenen S-Class barada aýratyn durup geçdi. Bu modelde esasy tehniki täzelik Drive Pilot ulgamy bolar.
Awtopilot indi öňki 95 km/sagat tizligiň ýerine, 110 km/sagat tizlikde awtomatiki usulda sürmäge mümkinçilik berýär.
Ulgamyň hatasyz işlemegi üçin ulag kämilleşdirilen lidarlar, 10 kamera, 5 radar we 12 sany ultrases sensory bilen üpjün edildi.
Kompaniýanyň wekilleri bu täze awtopilot funksiýasynyň diňe täze öndürilýän ulaglar üçin elýeterli boljakdygyny nygtadylar. Sebäbi Drive Pilot-yň bu wersiýasy häzirki awtoulaglarda ýok bolan ýörite apparat üpjünçiligini (hardware) talap edýär.


27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

20.06.2026 12:20
4.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....