Arizonada dünýäde ilkinji elektromobil muzeýi açyldy

  • 02.05.2026 06:35
  • 3k+

Arizonanyň Kingman şäherinde dünýäde ilkinji elektrik ulaglarynyň taryhyna bagyşlanan muzeý açyldy. Bu muzeý taryhy «Route 66» ýolunyň ugrunda ýerleşýän «Arizona Route 66 Museum» toplumynyň bir bölegine öwrüldi.

Muzeýde pudagyň ösüşiniň dürli tapgyrlary – ilkinji nusgalardan başlap, häzirki zaman tehnologiýalaryna çenli görkezilýär.

Eksponatlaryň arasynda XX asyryň başyna degişli bolan «Detroit Electric» modelleri, şeýle hem elektro-ulaglaryň ösüş taryhy bilen baglanyşykly seýrek we eksperimental nusgalar bar. Bu ekspozisiýanyň döredilmegi hususy kolleksiýaçylaryň başlangyjy bolup, muzeýiň esasyny ilkinji gezek 2014-nji ýylda «Route 66» festiwalynda köpçülige görkezilen taryhy elektro-ulaglar düzdi.

Sebitiň syýahatçylyk düzümine goşulan bu toplumyň çäginde gelýänler üçin ýörite elektro-ulag zarýad beriş stansiýasy hem gurnaldy.


düýn 08:03
12k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.5k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....