Tesla Cybertruck-yň iň arzan görnüşini tanyşdyrdy

  • 21.02.2026 17:40
  • 4.8k+

Tesla kompaniýasy özüniň meşhur Cybertruck elektrik pikapynyň täze, has arzan görnüşini hödürledi. Iki motorly we ähli tigirleri hereketlendiriji ulgamly bu model 60 müň dollar bahasy bilen häzirki wagtda hataryň iň elýeterli pikapy boldy.

Täze model arzan bolsa-da, özüniň ýokary görkezijilerini saklap galmagy başardy. Ulag bir gezekki zarýady bilen 523 km-e çenli ýol geçip bilýär. 0-dan 100 km/sag tizlige bary-ýogy 4,1 sekuntda ýetýär. 325 kWt-a çenli çalt zarýad beriş ulgamyny goldaýar.
Pikap 3400 kg-a çenli ýüki çekip bilýär we onuň öz agramy 2950 kg-a deňdir.
Awtoulag hem iş, hem-de gündelik durmuş üçin niýetlenen birnäçe aýratynlyklara eýedir. Elektropriwodly ýük platformasy we dürli enjamlary birikdirmek üçin üç sany rozetka (iki sany 120V we bir sany 240V) bar.
Adaptiw amortizatorly puržin podweska hem-de ähli möwsüm üçin niýetlenen şinaly 18 dýuýmlyk tekerler bilen üpjün edilen.
Içki bezegde uzak möhletleýin we çydamly mata ulanylypdyr. Öň tarapda 18,5 dýuýmlyk äpet displeý ýerleşýär.
Bu tygşytly wersiýada bahany aşak düşürmek üçin yzky ýolagçylar üçin niýetlenen 9 dýuýmlyk goşmaça ekran aýrylypdyr.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......