Ferrari 1000 at güýçli "Luce" elektrokarynyň salonyny "iPhone-yň" stilinde bezedi

  • 17.02.2026 18:44
  • 4.2k+

Italiýanyň meşhur Ferrari markasy özüniň ilkinji doly elektrikli modeli bolan Luce-niň içki bezegini görkezdi. 1000 at güýjünden gowrak kuwwaty bolan bu taslamanyň üstünde kompaniýa 2020-nji ýyldan bäri işleýär.

Luce-niň içki giňişligini dizaýn etmek wezipesi Apple kompaniýasynyň öňki meşhur baş dizaýneri (iPhone we iPad-iň awtory) Joni Aýwyň ýolbaşçylygyndaky dizaýn studiýasyna ynanyldy.
Salonda Apple-e mahsus bolan minimalizm duýulsa-da, Ferrari sürüjiniň "fiziki" duýuş äheňini saklap galdy. Ergonomika hünärmenleri her bir düwmäniň we tumblýorlaryň basylanda berýän mehaniki duýgusyna aýratyn üns berdiler.
Awtoulagyň dolandyryş paneli we ruly hakyky sungat eseri hökmünde häsiýetlendirilýär: Gurallar paneli dört sany tegelek segmentden ybarat. Geň galdyryjy tarapy — sanly tizlik görkezijiniň merkezinde hakyky mehaniki strelka ýerleşdirilipdir. Şeýle çözgüt displeýdäki sagatda hem ulanylýar.
Üç çişli rul 19 sany aýratyn alýumin bölekden, deriden we ýokary hilli plastikden ýasalypdyr. Ähli esasy funksiýalar (öwrüm yşyklary, aýna süpürgiçler, durnuklylyk sazlamalary) göni ruluň üstüne geçirilipdir.
Launch Control (çalt bat almak) we aýnany gyzdyryş düwmeleri adaty däl usulda — awtoulagyň potologynda (ýokarky panelde) ýerleşdirilipdir.
Luce modeliniň satuwa çykaryljak senesi heniz anyklanmady. Häzirki wagtda Ferrari bu ugurda güýçli bäsdeşlik bilen ýüzbe-ýüz: Hytaýyň elektrik awtoulag öndürijileri eýýäm 1500-den 2000 at güýjüne çenli bolan modelleri hödürleýärler.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......