Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

  • 20.04.2026 09:01
  • 3.2k+

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model Spectre elektrik kupesiniň esasynda döredildi. Ol uzynlygy 5,76 metr bolan iki orunlyk kabrioletdir.

Awtomobiliň dizaýnyndaky uzyn kapot, äpet radiator gözenegi, inçejik swetodiod faralar we 24 dýuýmlyk tigirleri 1920-nji ýyllaryň «ar-deko» stilini ýatladýar. Maşynyň yzky bölegi bolsa ýumşak çyzyklar we bezeg yşyklandyryşy bilen tapawutlanýar.

Her bir awtomobil Gudwuddaky zawodda müşderiniň gatnaşmagynda aýratynlykda ýygnalar. Özi-de bu model diňe brendiň hemişelik alyjylaryna hödürlener.

Bahasy babatda açyk bir zat aýdýan ýok, ýöne onuň millionlarça dollara barabar boljakdygy güman edilýär. Salon iki ýolagçynyň rahatlygy üçin niýetlenendir. Mata üçek kaşemir we ýeňil materiallar ulanylan köp gatlakly ses izolýasiýasy bilen üpjün edilen. Tehniki häsiýetnamalary entek doly mälim edilmese-de, awtomobiliň doly elektrik energiýasy bilen işlejekdigi we ilkinji sargytlaryň 2028-nji ýylyň tomsundan soň gowşurylyp başlanjakdygy anyk.


29.05.2026 23:38
3.2k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.5k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......