Her 200 elektromobil howadaky azot dioksidini 1,1% azaldýar

  • 13.02.2026 11:45
  • 2.1k+

The Lancet Planetary Health žurnalynda çap edilen täze barlag Kaliforniýada elektrik we gibrid ulaglaryň howanyň hiline täsirini ýüze çykardy. Alymlaryň anyklamagyna görä, bu ulaglaryň sanynyň artmagy saglyk üçin örän howply bolan azot dioksidiniň (NO₂) derejesini ep-esli peseldýär.

Azot dioksidi (NO₂) diňe bir daşky gurşawa däl, eýsem adam saglygyna hem göni zeper ýetirýär. Ol demgysma (astma) we dowamly bronhit, ýürek-damar keselleri, insult (beýni gan aýlanyşygynyň bozulmagy) ýaly keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär.
2019–2023-nji ýyllar aralygyndaky maglumatlara görä, köçelere goşulan her 200 sany elektrik ýa-da gibrid ulag howadaky NO₂ mukdaryny ortaça 1,1% azaltdy. Seljerme geçirmek üçin alymlar Kaliforniýa ştatyny 1692 etraba böldüler we hemra arkaly howanyň düzümini yzygiderli gözegçilikde sakladylar.
Alymlar seljermeden pandemiýa ýyly bolan 2020-nji ýyly aýyrdylar we benziniň bahasyndaky üýtgeşmeleri, uzak aralykdan işlemegiň täsirini hasaba aldylar. Benzinli ulaglaryň köpelen etraplarynda zyýanly gazlaryň derejesiniň artandygy anyklandy. Hemra arkaly alnan maglumatlar ýerüsti barlaghanalaryň ölçegleri bilen doly gabat geldi.
Täze satylan awtoulaglaryň arasynda elektrik modelleriň paýy 2%-den 5%-e çenli ýokarlandy. Barlagyň awtorlarynyň çaklamasyna görä, elektrik ulaglara doly geçilse, ABŞ-da NO₂ derejesi 61% azalar; Hytaýda bolsa bu görkeziji 30%-80%-e çenli aşak düşer.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......