Afeela PlayStation oýunlaryny goldaýan dünýäde ilkinji awtoulag bolar

  • 25.12.2025 13:20
  • 3.8k+

Sony kompaniýasy bazara PS Remote Play funksiýasyny (uzakdan oýnamak mümkinçiligi) goldaýan ilkinji awtoulagyň çykjakdygyny yglan etdi. Gürrüň birnäçe ýyl mundan ozal Sony we Honda tarapyndan döredilen Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasynyň önümi bolan Afeela elektrokary barada gidýär.

PS Remote Play funksiýasy ulanyja özüniň PS4 ýa-da PS5 konsolyndaky oýunlaryny gönüden-göni awtoulagyň ekranlarynda işletmäge mümkinçilik berer. Bu goldawyň awtoulagyň ähli multimedia displeýlerinde elýeterli bolmagyna garaşylýar. Howpsuzlyk düzgünlerine görä, öňdäki ekranlarda diňe awtoulag duralgada durka oýnamak mümkin bolar, ýolagçy ekranlaryny bolsa ulag hereket edýän wagtynda hem ulanyp bolar.

«PS Remote Play-iň ornaşdyrylmagy Afeela-nyň ykjamlyk baradaky garaýşynyň amala aşyrylmagydyr: biz syýahat wagtyndaky giňişligi gyzykly we duýguly ýere öwürýäris. Bu utgaşdyrma arkaly biz müşderiniň tutuş syýahat tejribesini öň görlüp-eşidilmedik güýmenje derejesine çykarýarys» diýip, kompaniýanyň wekilleri belledi.

PS Remote Play goldawynyň awtoulag satuwa çykan gününden başlap elýeterli bolmagyna garaşylýar. Afeela-nyň satuwlary 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär, goşmaça jikme-jiklikler bolsa entek mälim edilmedi.


29.05.2026 23:38
3.1k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.5k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......