ABŞ-da Lexus ES sedanynyň täze nesliniň bahalary mälim edildi

  • 09.03.2026 15:37
  • 7.2k+

ABŞ-nyň awtomobil bazarynda Lexus ES sedanynyň täze nesli üçin baha sanawy yglan edildi. Bu täze model indi müşderilere hem doly elektrik, hem-de gibrid güýç gurnamalary bilen hödürlenýär.

Öň tarapdan çekiji bolan başlangyç elektrik "ES 350e Premium" wersiýasynyň bahasy 48 795 dollardan başlaýar. Bu ulagyň hereketlendirijisi 220 at güýjüni öndürýär we ol 96 km/sag tizlige 7,7 sekuntda ýetmegi başaryp, EPA sikline görä bir gezekki zarýad bilen 483 kilometr ýol geçip bilýär.

Has ýokary öndürijiligi halaýanlar üçin niýetlenen, ähli tekerleri çekiji "ES 500e Premium" elektrikli modeli bolsa 51 795 dollardan müşderilere ýetiriler. Bu wersiýanyň güýji 338 at güýjüne deň bolup, ol 96 km/sag tizlige bary-ýogy 5,4 sekuntda çykýar, emma onuň geçýän aralygy 402 kilometr töweregi bolup durýar. Şeýle hem, modeliniň gibrid görnüşi bolan "ES 350h Premium" modeliniň öňden çekijisi (FWD) 50 995 dollardan, ähli tekerleri çekijisi (AWD) bolsa 52 395 dollardan satuwa çykarylar.

Täze Lexus ES-iň ähli wersiýalary 14 dýuýmlyk uly ekrana eýe bolan multimediýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylyp, olar simsiz Apple CarPlay we Android Auto hyzmatlaryny doly goldaýarlar. Mundan başga-da, awtoulagyň elektrik görnüşleri hemişelik tok (DC) arkaly çalt zarýad bermek funksiýasyna eýedir. Bu tehnologiýa arkaly ulagyň akkumulýatoryny 10 göterimden 80 göterime çenli bary-ýogy 30 minudyň dowamynda zarýadlamak mümkindir.


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......