Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

  • 28.03.2026 13:56
  • 2.3k+

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr.

​Ilkinji modeliň eýýäm şu ýyl bazara çykaryp başlanmagyna garaşylýardy. Deslapky sargytlary kabul etmek işi açykdy, emma indi müşderileriň tölän serişdeleri yzyna gaýtarylyp berler.

​Taslama Honda-nyň awtomobil tehnologiýalaryny hem-de Sony-nyň elektronika ugrundaky işläp düzmelerini birleşdirmelidi. Hyzmatdaşynyň ýüz öwürmeginden soň, Sony awtoulag öndürmek üçin önümçilik binýatsyz galdy.

​16-njy martda Kaliforniýada «Afeela» studiýasy we awtoulaglary gowşuryş nokady açylypdy, şeýle hem «Afeela 1» sedany üçin sargytlar kabul edilip başlanypdy. Modeliň bahasynyň 89 900 dollardan başlamagyna garaşylýardy, deslapky töleg bolsa 200 dollara deňdi.

​Mundan öň, tutuş awto-önümçilik pudagynyň häzirki meýillerine eýerip, Honda ABŞ-da öndürmegi meýilleşdiren üç sany şahsy elektromobil taslamasyndan hem ýüz öwürdi.

​Bu karar dünýä bazarynda islegiň peselmegi sebäpli kabul edildi. Kompaniýanyň strategiýany üýtgetmeginden görjek zyýany 15,7 milliard dollar töweregi diýlip çaklanylýar.


şu gün 09:56
1.8k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

düýn 12:20
3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....