Lexus UX krossoweriniň batareýaly görnüşiniň önümçiligini bes etdi

  • 07.03.2026 11:53
  • 3.7k+

Lexus kompaniýasy özüniň UX krossoweriniň elektrik görnüşiniň önümçiligini we satuwyny togtatdy. Bu barada "Auto Express" neşiri brendiň Britaniýadaky bölüminiň tassyklamagyna salgylanyp habar berdi. Şonuň bilen birlikde, agzalan model baradaky maglumatlar Lexus-yň Ýewropa we Ýaponiýa üçin niýetlenen resmi internet çeşmelerinden hem aýryldy.

Elektrikli UX 300e modeli ilkinji gezek 2019-njy ýylda tanyşdyrylyp, ol Lexus premium brendiniň taryhyndaky ilkinji seriýaly elektromobil bolupdy. Model iň soňky gezek 2022-nji ýylda täzelenip, şonda onuň daşky görnüşine üýtgeşmeler girizilipdi we has uly sygymly batareýa bilen enjamlaşdyrylypdy. Bu bolsa ulagyň bir gezekki zarýad bilen ýöreýiş aralygyny 450 kilometre çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Emma muňa garamazdan, elektrik wersiýanyň satuw görkezijileri pesligine galdy we neşiriň çaklamasyna görä, hut şu ýagdaý modelden ýüz öwrülmeginiň esasy sebäbi boldy.

Şuna garamazdan, UX modeli Lexus-yň önümçilik hataryndan doly ýitip gitmeýär. Esasy bazarlarda bu krossoweriň gibrid güýç gurnamasy bilen enjamlaşdyrylan görnüşi öňküsi ýaly satylmagyny dowam eder. Häzirki wagtda bolsa has uly göwrümli RZ ähli ýoldan ýöreýän ulagy Lexus-yň ýeke-täk seriýaly elektromobili bolup galýar. Geljek ýyl brendiň elektrik modelleriniň sanynyň has-da artmagyna garaşylýar. Insayderleriň berýän maglumatlaryna görä, IS sedanyny hem elektrik toguna geçirmek meýilleşdirilýär. Eýýäm elektrifikasiýa tapgyryndan geçen ES modeli bolsa, täze nesilde diňe gibrid ýa-da doly elektrik görnüşlerde hödürlener.


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......