«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

  • 25.02.2026 06:32
  • 6.3k+

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär.

Bu karar taslamanyň çykdajylarynyň örän ýokarylygy we sarp edijileriň tarapyndan şeýle ulaglara bolan islegiň pesligi bilen düşündirilýär.
Brendiň strategiýasyndaky özgerişler barada kompaniýanyň ýolbaşçysy we ýerine ýetiriji direktory Stefan Winkelman mälim etdi. Onuň sözlerine görä, 2030-njy ýyla çenli Lamborghini-niň ähli modelleri gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylar, emma adaty içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriniň önümçiligi mümkin boldugyça uzak wagtlap dowam etdiriler. Mundan ozal tanyşdyrylan we 2028-nji ýylda çykarylar diýlip garaşylan Lanzador elektrik awtoulagy indi öndürilmez.

«Bu karar bir ýyldan gowrak dowam eden içerki ara alyp maslahatlaşmalaryň, müşderiler we dilerler bilen geçirilen gepleşikleriň, şeýle hem bazaryň global derňewiniň netijesinde kabul edildi» — diýip, Stefan Winkelman belledi. Ýolbaşçynyň pikiriçe, bazar we müşderiler heniz taýýar däl mahaly, doly elektrikleşdirilen ulaglara maýa goýmak öte gymmat düşýän bir «güýmenje» boljak, üstesine-de bu paýdarlaryň, işgärleriň hem-de olaryň maşgalalarynyň öňünde maliýe taýdan geleňsizlik etdigimiz bolar.

Volkswagen Group-yň düzümine girýän kompaniýa 2025-nji ýylyň jemi boýunça 10 747 awtoulag satyp, rekord goýdy. Bu üstünlige Revuelto, Urus we Temerario gibrid modelleri uly goşant goşdy. Umumy oňyn görkezijilere garamazdan, ABŞ-nyň bazarynda satuwlaryň takmynan 10% peselendigi bellenilýär.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......