1.9k+

Xiaomi YU7 ilkinji gezek Hytaýyň iň köp satylan awtoulagy boldy

Xiaomi kompaniýasy 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň jemleri boýunça YU7 krossoweriniň Hytaýyň awtomobil bazarynda satuw mukdary boýunça birinji orna çykandygyny yglan etdi. Sina neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, Xiaomi-niň täze modeli Geely Boyue L we Geely Geome Xingyuan ýaly güýçli bäsdeşlerini yzda galdyrmagy başardy...

3k+

Labubu oýunjaklarynyň ýyllyk satuwy 100 million birlikden geçdi

Hytaýyň dizaýner oýunjaklaryny öndürýän Pop Mart kompaniýasynyň habar bermegine görä, geçen ýylyň dowamynda Labubu brendi bilen öndürilen önümleriň satuwy 100 million birlikden geçdi. Bu barada «Lianhe Zaobao» neşirinde bellenilýär...

7.3k+

Dünýä rekordy: Hytaýda geçen şüweleňde birbada 22 580 dron asmana göterildi

Hytaýyň Hefeý şäherindäki meýdançada 2026-njy ýylyň Bahar baýramyna (Hytaý Täze ýylyna) bagyşlanan gala-konsertiň çäklerinde 22 580 sany dron asmana göterilip, täze dünýä rekordy goýuldy.  Bu täsin tomaşa bada-bat «Bir kompýuter tarapyndan dolandyrylan iň köp sanly dronlar» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, CGTN teleýaýlymynda habar berilýär...

4.3k+

Mämişi — üstünligiň öwüşgini: iPhone-yň Hytaýdaky satuwynyň «uçmagyny» täze reňkden görýärler

Bilermenler Hytaýda täze iPhone 17 telefonlaryna bolan uly hyrydarlygy enjamyň «kosmik mämişi» (cosmic orange) atly täze reňkdäki görnüşiniň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu marketing göçüm, Hytaý häkimiýetleriniň smartfonyň täze emeli aň funksiýalaryny ulanmaga rugsat bermändigine garamazdan, Apple-e söwdasyny artdyrmaga mümkinçilik berdi...

8.9k+

Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

1.2k+

Hytaýyň X-Humanoid adam şekilli roboty ilkinji gezek orbitadaky hemra bilen gönüden-göni aragatnaşyga girdi

Hytaýyň X-Humanoid kompaniýasynyň gumanoid (adam şekilli) roboty Ýeriň pes orbitasyndaky hemra bilen gönüden-göni baglanan dünýäde ilkinji robot boldy. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, bu synag Pekinde geçirilen Täjirçilik kosmos senagatynyň ýokary hilli ösüşi boýunça Üçünji maslahatyň çäginde amala aşyryldy...

5k+

Michelin Hytaýda 36 sekuntda bir teker öndürýän zawody açdy

Michelin topary Şanhaýda dünýäde ilkinji «future factory» («geljegiň zawody») formatly zawody açdy. Döwrebap önümçilik hatarlary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana her 36 sekuntda bir teker öndürmäge ukyplydyr. Bu taslama gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 3 mlrd ýuana (takmynan, 425 mln dollar) barabar boldy...

2.1k+

Hytaýda Aziýadaky iň gadymy çylşyrymly gurallar tapyldy

Arheologlar Gündogar Aziýada iň gadymy çylşyrymly daş gurallaryny ýüze çykardylar. Bu täze tapyndy sebitiň tehnologik taýdan yza galandygy baradaky öňki garaýyşlary şübhe astyna alýar. Bu barada "Nature Communications" žurnalyndaky ylmy işde aýdylýar...

5.5k+

Bahasy tas 30% arzanladylandan soň "şowsuz" iPhone Air Hytaýda derrew satylyp gutardy

Hytaýda iPhone Air modeliniň bahalarynyň ep-esli peselmeginden soň satuwlar düýpli üýtgedi. Meşhur JD.com internet bazarynda smartfonyň 256 GB ýatly wersiýasy eýýäm "satylyp gutardy" diýlip görkezilýär. Önümiň maglumat sahypasynda enjamyň täzeden satyn alynma (getirilme) tapgyryndadygy we eltip berme möhletleriniň fewral aýyna süýşürilendigi bellenilýär...

2.1k+

Hytaý ilkinji gezek kosmosda metal şaýlary çap etdi

Hytaý öz taryhynda ilkinji gezek metal şaýlary göni kosmosda 3D çap etmek boýunça synag geçirdi. Barlag işleri köp gezek ulanylýan «Lihun-1» (Y1) kosmos gämisiniň bortunda, Ýerden dolandyrylmazdan, doly özbaşdak ýagdaýda amala aşyryldy...

3.7k+

Hytaý awtoulaglarda elektron rul dolandyryşynyň düzgünlerini tassyklady

Hytaýda awtoulaglaryň täze nesil rul dolandyryş ulgamlary üçin hökmany talaplar tassyklanyldy. Hytaý Halk Respublikasynyň Bazary düzgünleşdirmek boýunça döwlet müdirligi 1-nji iýuldan güýje girjek "Awtoulaglaryň rul ulgamlaryna bildirilýän esasy talaplar" atly milli standarty çap etdi...

6.3k+

2025-nji ýylda dünýäde tas 92 million täze awtoulag satyldy

2025-nji ýylda dünýäde täze ýeňil awtoulaglaryň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende artdy. GlobalData-nyň maglumatlaryna görä, 12 aýda 91,9 million awtoulag satyldy, bu bolsa 2024-nji ýyldaky görkezijiden 3,6% ýokarydyr...

3.4k+

Aýyň arka tarapyndan alnan nusgalarda näbelli material tapyldy

Aýyň arka tarapyndan alnan topragyň Ýere getirilen ilkinji nusgalary täze ylmy açyşlara sebäp boldy. South China Morning Post gazetiniň habaryna görä, hytaýly barlagçylar toprakdan diwarlary ýekeje atom galyňlygynda bolan örän inçe uglerod turbalaryny tapdylar...

1.7k+

Xiaomi YU7 dördünji çärýekde Hytaýda iň köp satylan krossower boldy

Xiaomi YU7 krossoweri 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde Hytaýda öz segmentinde (SUV) ähli bäsdeşlerinden öňe saýlanyp, satuwda birinji orny eýeledi. Smartfon we beýleki elektronik enjamlaryň öndürijisi bu üstünligi awtoulag bazarynda örän gysga wagtyň içinde gazanmagy başardy...