Hytaý awtoulaglarda elektron rul dolandyryşynyň düzgünlerini tassyklady

  • 28.01.2026 00:06
  • 3.7k+

Hytaýda awtoulaglaryň täze nesil rul dolandyryş ulgamlary üçin hökmany talaplar tassyklanyldy. Hytaý Halk Respublikasynyň Bazary düzgünleşdirmek boýunça döwlet müdirligi 1-nji iýuldan güýje girjek "Awtoulaglaryň rul ulgamlaryna bildirilýän esasy talaplar" atly milli standarty çap etdi.

Bu resminama ilkinji gezek "steer-by-wire" (sim arkaly dolandyryş) ulgamyny jikme-jik düzgünleşdirýär. Bu tehnologiýada tekerleriň öwrülmegi elektronika arkaly amala aşyrylýar we rul bilen şassiniň arasynda gönüden-göni mehaniki baglanyşyk bolmaýar. Şeýle awtoulaglarda dolandyryş doly elektron komponentlerine we programma üpjünçiligine daýanýar.
Bu standart doly elektron ulgamlara, şeýle hem elektron kömekçi modullary bolan adaty rul mehanizmlerine degişlidir.
Resminamada funksional howpsuzlyk kadalary, elektrik üpjünçiliginde ýa-da dolandyryş signallarynyň geçirişinde näsazlyk ýüze çykanda görülmeli çäreler beýan edilýär.
Ulgamyň işinde bökdençlik dörände, sürüjä habar bermegiň usullary we programma üpjünçiliginiň ygtybarlylygy aýratyn göz öňünde tutulýar.
Kompaniýasynyň çaklamasyna görä, şeýle ulgamlaryň global bazary 2025-nji ýyldaky 4,61 milliard dollardan, 2031-nji ýyla çenli 7,21 milliard dollara çenli öser. Hytaýda bu tehnologiýa eýýäm köpçülikleýin öndürilýän awtoulaglarda ulanylyp başlandy; muňa ilkinji mysallaryň biri hökmünde Nio ET9 modelini görkezmek bolar.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....