Hytaý kompaniýalary on ýyllyk arakesmeden soň dünýä bazarynda ýene işjeňleşýär

  • 16.02.2026 10:56
  • 3.7k+

Tas on ýyla çeken arakesmeden soň, hytaý kompaniýalary daşary ýurtlardaky aktiwleri işjeň satyn alyp başladylar.

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Hytaýdan çykýan birleşme we goşulyşma (M&A) geleşikleriniň umumy möçberi 12 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa 2017-nji ýyldan bäri ýylyň birinji aýy üçin hasaba alnan iň ýokary görkezijidir. 
Olaryň içinde iň irileri hökmünde Anta Sports kompaniýasynyň 1,8 milliard dollara nemes brendi bolan Puma-nyň paýyny, Zijin Gold-uň 4 milliard dollara Kanadanyň Allied Gold magdan gazyp alýan kompaniýasyny satyn almagyny görkezip bolar.
Seljerijiler daşary ýurt maýa goýumlarynyň artmagyny Pekin tarapyndan 2010-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri dowam edip gelýän çäklendirmeleriň aýrylmagy, şeýle hem içerki bazardaky ýiti bäsdeşlik we ösüşiň haýallamagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Puma-dan başga-da, HSG maýa goýum topary premium krossowkalary öndürýän Golden Goose-y we Marshall audio brendini satyn aldy. Hytaýyň Luckin Coffee kofehanalar ulgamy bolsa halkara bazaryna çykmak üçin Nestle-den Blue Bottle Coffee-ni satyn almagy göz öňünde tutýar. Şeýle-de hytaý kompaniýalary Latyn Amerikasynda we Afrikada hem işjeň maýa goýýarlar. Oňa mysal edip, Aluminum Corp. of China-nyň Braziliýanyň Cia. Brasileira de Alumínio kompaniýasynyň gözegçiligini öz eline almagyny, CMOC Group bilen Jiangxi Copper-iň altyn we mis gazyp almak boýunça ylalaşyklary baglaşmagyny aýtmak bolar.
Elektromobil öndürijisi BYD we batareýa öndürýän CATL kompaniýalary hem daşary ýurt zawodlaryna maýa goýmagy dowam etdirýärler.

BNP Paribas-yň analitigi Riçard Griffitsiň pikiriçe, Ýewropa hytaýly maýadarlar üçin aýratyn gyzykly bolup durýar we şonuň esasynda 2026-njy ýylda başga-da birnäçe iri geleşiklere garaşyp bolar. 
 


düýn 10:04
4.6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
11k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......