Hytaýyň X-Humanoid adam şekilli roboty ilkinji gezek orbitadaky hemra bilen gönüden-göni aragatnaşyga girdi

  • 30.01.2026 10:44
  • 1.2k+

Hytaýyň X-Humanoid kompaniýasynyň gumanoid (adam şekilli) roboty Ýeriň pes orbitasyndaky hemra bilen gönüden-göni baglanan dünýäde ilkinji robot boldy. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, bu synag Pekinde geçirilen Täjirçilik kosmos senagatynyň ýokary hilli ösüşi boýunça Üçünji maslahatyň çäginde amala aşyryldy.

Embodied Tien Kung roboty ýerüsti aragatnaşyk torlaryny ulanmazdan, durnukly işläp bilýändigini subut etdi. Synag wagtynda ol GalaxySpace kompaniýasynyň ganat şekilli antenna gözenegi bilen üpjün edilen internet hemrasyna gönüden-göni birigip, wideo-maglumatlary hakyky wagt tertibinde (onlaýn) ugratdy.
Işläp düzüjiler munuň Hytaýyň fazalaýyn antenna gözenekli, täze pes orbitaly platformasyna esaslanýan köp terminally we köp kanally aragatnaşygyň ilkinji mysalydygyny aýtdylar. Bu ulgam doly özbaşdak ýagdaýda işledi.
Görkezme wagtynda robota amaly ýumuş tabşyryldy: ol döwlet hyzmatlary merkezinden "Raketa alleýasyna" çenli özbaşdak gelen sürüjisiz awtoulagdan taslamanyň tamamlanandygy baradaky simwoliki şahadatnamany almaly boldy. Hemra bilen aragatnaşyk ýola goýlandan soň, robot resminamany alyp, ony goňşy bina eltdi.
Çäräniň ahyrynda Embodied Tien Kung taslama ýolbaşçysyna — Ezhou Star Arrow kompaniýasynyň wekiline "Taslamanyň tamamlanandygy baradaky bilelikdäki kabul ediş namasyny" gowşurdy.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......