Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi

  • 30.01.2026 11:41
  • 9.7k+

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär.
Tailand, Nepal we Wýetnam Hindistandan gelýän ýolagçylary goşmaça barlagdan geçirmek düzgünini girizdi. Mýanma döwleti Günbatar Bengaliýa zerur bolmadyk syýahatlardan saklanmagy maslahat berdi. Hytaý serhetýaka sebitlerinde öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi. Gyrgyzystanda, Gazagystanda we Özbegistanda hem serhet geçiş nokatlarynda lukmançylyk gözegçiligi berkidildi.
Şol bir wagtyň özünde, Hindistanyň häkimiýetleri hassalaryň sanynyň artýandygy baradaky habarlary «çaklama we nädogry» diýip atlandyrýar. Ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi soňky bir aýyň dowamynda diňe iki keselleme ýagdaýynyň hasaba alnandygyny tassyklady. Hassalaryň ýagdaýy barada maglumat berilmeýär. Ministrligiň maglumatlaryna görä, hassalar bilen galtaşykda bolan 200-e golaý adam barlagdan geçirildi, täze wirus ojaklary ýüze çykarylmady we keseliň ýaýramagynyň öňüni almak başartdy. Karantine alnan beýleki adamlaryň barlag netijeleri otrisatel boldy.
Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrligi ilatyň öz howpsuzlygy barada biynjalyk bolmagyna hiç hili sebäbiň ýokdugyny aýdýar.
Köp ýurtlaryň howsalalary bu wirusyň ýokary ölüm derejesi (75%-e çenli) we oňa garşy ýörite bejerginiň ýa-da sanjymyň ýokdugy bilen baglanyşyklydyr. Nipah wirusy haýwanlardan, esasan hem doňuzlardan we uly ýarganatlardan (uçýan tilkiler) göni galtaşyk ýa-da olaryň galyndylary arkaly geçýär. Keseliň inkubasion döwri 4 günden 14 güne çenli dowam edýär. Onuň alamatlary hökmünde ýokary temperatura, ýüregiň bulanmagy, gaýtarma, dem almagyň kynlaşmagy we öýken sowuklamasy ýüze çykyp biler, agyr ýagdaýlarda bolsa beýniniň çişmegine sebäp bolýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) Nipah wirusyny epidemiýa döretmek ähtimallygy ýokary bolan patogenleriň hataryna goşýar.


düýn 11:31
3.1k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......