Ýer ýüzüniň 8,2 milliard adamlary planeta boýunça nähili paýlanýar: Infografika

  • 28.01.2026 10:06
  • 8.7k+

Dünýä ilatynyň sany 8,2 milliard adama ýetdi. 1804-nji ýylda planetanyň ilaty ilkinji gezek bir milliarddan geçensoň, geçen asyrlaryň dowamynda bu görkeziji sekiz esse artdy.

2022-nji ýyldan bäri, dogluşyň umumy peselmegine garamazdan, dünýä ilaty 200 milliondan gowrak adam artdy. Şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň we Braziliýanyň ilaty azaldy, global ösüşe bolsa esasy goşandy Hindistan we Nigeriýa goşdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna esaslanyp taýýarlanan infografika, ilatyň ýurtlar boýunça paýlanyşyny görkezýär:
Hindistan: Dünýäde birinji orny eýeleýär we 1,5 milliard adam sepgidine golaýlaýar. 2022-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli ýurduň ilaty takmynan 53 million adam artdy, emma her zenana düşýän çagalaryň sany 1,9-a çenli peseldi. Garaşylýan ömür dowamlylygy 72 ýaşdan geçdi, bu bolsa 2000-nji ýyldakysyndan takmynan 10 ýyl köpdür.
Hytaý: 1,4 milliarddan gowrak ilaty bilen ikinji orny eýeleýär. 2022-nji ýyldan bäri onuň ilatynyň sany öňküden 36 million adam azaldy. 2023-nji ýylda Hindistan Hytaýdan öňe geçdi. Muňa sebäp bolan faktorlaryň arasynda ilatyň garramagy we dogluşyñ rekord derejede pese  düşmegi.
ABŞ: 2025-nji ýylda 347 million ilaty bilen üçlügi jemleýär. Çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli ýaşlarynyň sanynyñ köplügi  sebäpli, ilatynyň sany iki esse artyp biljek Nigeriýa ABŞ-dan öňe geçer.
Ýewropada demografik ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar. Mysal üçin, Italiýanyň ilaty dört ýyldan hem az wagtyň içinde bir milliondan gowrak, Gresiýanyňky bolsa takmynan 400 müň adam azaldy. Bu ýurtlaryň ikisi hem ilatynyň ortaça ýaşy iň ýokary bolan döwletlere degişlidir — degişlilikde 48 we 47 ýaş.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......