Mercedes-Benz Hytaýda düýpli arzanlaşyk etdi: Käbir modelleriň bahasy 10 müň dollardan gowrak düşdi

  • 03.02.2026 11:48
  • 7.2k+

Mercedes-Benz kompaniýasy Hytaýdaky «Beijing Benz» bilelikdäki kärhanasynyň üsti bilen birnäçe meşhur modelleriniň bahasyny ep-esli aşak düşürdi. Bahalaryň täzelenmegi esasan C-Class sedanlaryna hem-de GLB, GLC we GLC Coupe krossowerlerine degişli boldy. Modeline baglylykda, arzanladyşlaryň möçberi 69 020 ýuana (takmynan 10 000 dollar) çenli ýetýär.

Iň köp arzanladylan ulaglar krossowerler boldy:

  • Mercedes-Benz GLC 300 L 4MATIC Luxury: bahasy göni 69 000 ýuan arzanlady.
  • Beýleki GLC nusgalary: 48 000 – 57 000 ýuan (7 000 – 8 300 dollar) arzanlady.
  • GLC Coupe: arzanladyşyň iň ýokary mukdary 68 200 ýuan boldy.
  • Ykjam GLB krossoweri: ähli görnüşleri (komplektasiýalary) üçin bahalar 38 000 ýuan (takmynan 5 500 dollar) aşak düşürildi.

Mercedes-Benz C-Class sedanlarynyň bahalary hem täzelendi. C 200 L we C 260 L modelleri 25 700 – 35 700 ýuan (3 700 – 5 200 dollar) aralygynda arzanladyldy. Täze baha sanawyna görä, Hytaýda C-Class modeliniň başlangyç bahasy 304 600 ýuana (takmynan 44 000 dollar) deň boldy.
«Autohome» neşiriniň bellemegine görä, Mercedes-Benz-iň bu ädimi Hytaýyň awtoulag bazarynda ýerli elektrikli ulag öndürijileri bilen emele gelen örän ýiti bäsdeşlik bilen baglanyşyklydyr.


03.06.2026 11:52
7.2k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....