Bahasy tas 30% arzanladylandan soň "şowsuz" iPhone Air Hytaýda derrew satylyp gutardy

  • 29.01.2026 07:06
  • 5.5k+

Hytaýda iPhone Air modeliniň bahalarynyň ep-esli peselmeginden soň satuwlar düýpli üýtgedi. Meşhur JD.com internet bazarynda smartfonyň 256 GB ýatly wersiýasy eýýäm "satylyp gutardy" diýlip görkezilýär.

Önümiň maglumat sahypasynda enjamyň täzeden satyn alynma (getirilme) tapgyryndadygy we eltip berme möhletleriniň fewral aýyna süýşürilendigi bellenilýär.
Şol bir wagtyň özünde, Apple-iň Tmall platformasyndaky resmi dükanynda iPhone Air henizem sargyt etmek üçin elýeterlidir. Ol ýerde eltip bermegiň garaşylýan wagty takmynan alty güne deňdir.
Ýatladyp geçsek, iPhone Air satuwa çykarylan pursady 7499 ýuan (takmynan 1075 dollar) bahalanýardy. Häzirki wagtda bolsa enjam 5499 ýuandan (takmynan 788 dollar) hödürlenýär. Bu bolsa smartfonyň başlangyç bahasyndan takmynan 27% arzanlandygyny aňladýar.
Arzanladyşdan soň gyzyklanmanyň wagtlaýyn artandygyna garamazdan, Hytaýda işjeňleşdirilen iPhone Air-leriň umumy sany henizem pes bolmagynda galýar. Ol jemi 200 000 birlikden azdyr. Bu görkezijiler täze modeliň ilkinji satuwynyň garaşylýan derejeden ep-esli pes bolandygyny we modeliň "şowsuz" hasaplanýandygyny tassyklaýar.


11.06.2026 14:01
7.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.6k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......