Dünýä rekordy: Hytaýda geçen şüweleňde birbada 22 580 dron asmana göterildi

  • 09.02.2026 16:11
  • 7.3k+

Hytaýyň Hefeý şäherindäki meýdançada 2026-njy ýylyň Bahar baýramyna (Hytaý Täze ýylyna) bagyşlanan gala-konsertiň çäklerinde 22 580 sany dron asmana göterilip, täze dünýä rekordy goýuldy. 
Bu täsin tomaşa bada-bat «Bir kompýuter tarapyndan dolandyrylan iň köp sanly dronlar» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, CGTN teleýaýlymynda habar berilýär.
«Luogan» seýilgähiniň üstündäki asman äpet janly ekrana öwrüldi. 17-nji fewralda başlanjak Hytaý Täze ýylynyň dabaralarynyň öň ýanyndaky taýýarlyk işleriniň çäklerinde rekord derejedäki dronlar jemlendi. Ýeke-täk kompýuterden dolandyrylýan uçuş enjamlary diýseň sazlaşykly hereket edip, «Huanmeý» operasynyň, syýa bilen çekilýän hytaý nakgaşlyk sungatynyň we ýerli binagärlik aýratynlyklarynyň şekillerini döretdiler. Bu şüweleň döwrebap tehnologiýalaryň sebitiň medeni däp-dessurlary bilen utgaşmasyny aýdyň şöhlelendirdi.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......