Labubu oýunjaklarynyň ýyllyk satuwy 100 million birlikden geçdi

  • 10.02.2026 19:32
  • 3k+

Hytaýyň dizaýner oýunjaklaryny öndürýän Pop Mart kompaniýasynyň habar bermegine görä, geçen ýylyň dowamynda Labubu brendi bilen öndürilen önümleriň satuwy 100 million birlikden geçdi. Bu barada «Lianhe Zaobao» neşirinde bellenilýär.
Kompaniýanyň esaslandyryjysy Wan Nin ýyllyk korporatiw ýygnagynda hasabat bilen çykyş edip, esasy operasion görkezijileri hödürledi. Onuň aýtmagyna görä, Labubu Pop Mart kompaniýasynyň flagman personažy bolmagynda galýar we dünýäniň dizaýner oýunjaklary bazarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýär.
Hödürlenen maglumatlara görä, hasabat döwründe kompaniýanyň dürli intellektual hukuklar esasynda öndüren ähli önümleriniň umumy satuw möçberi 400 million birlikden geçdi. Pop Mart-yň resmi hasaba alnan müşderileriniň sany bolsa dünýä boýunça 100 million adama ýetdi. Kompaniýanyň işgärleriniň sany 10 müň adama çenli köpeldi.
Häzirki wagtda brend 100-den gowrak ýurtda we sebitde hödürlenýär. Pop Mart-yň düzümine 700 sany hususy bölek söwda dükany, şeýle hem alty sany iri önümçilik-logistika merkezi girýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçylygy Pop Mart-yň işiniň ykdysadyýetiň degişli pudaklaryna hem ep-esli täsir edýändigini belledi. Hasaplamalara görä, ählumumy üpjünçilik zynjyrynyň we olar bilen baglanyşykly iş gurşawynyň çäginde kompaniýa 200 müňden gowrak adamy iş orny bilen üpjün etdi.


düýn 10:17
4.9k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

30.05.2026 08:05
3.4k+

Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi....