BMW 2026-njy "At ýylyna" bagyşlanan çäkli sanly X5 modelini hödürledi

  • 10.02.2026 13:00
  • 7k+

BMW kompaniýasy özüniň meşhur krossoweriniň ýöriteleşdirilen görnüşini — BMW X5 "Year of the Horse Limited Edition" modeliniň resmi suratlaryny paýlaşdy. Bu awtoulag gündogar senenamasy boýunça At ýylyna bagyşlanyp taýýarlanyldy.

Bu model brendiň Hytaý bazary üçin niýetlenen uly maksatnamasynyň bir bölegidir. 2026-njy ýylyň dowamynda BMW, Mini we BMW Motorrad Hytaýda 20-ä golaý täze we täzelenen modellerini tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Şeýle ýörite wersiýalar BMW-niň 3-nji we 5-nji seriýalary, şeýle-de X3 krossoweri üçin hem taýýarlanyldy.
Çäkli mukdardaky BMW X5 özboluşly dizaýny bilen tapawutlanýar. Korpusy mat öwüşginli sapfir-gök (Matte Sapphire Blue) reňkinde ýerine ýetirilen. "Iconic Glow" yşyklandyryşly gara radiatoryň gözenegi, gara wyhlop turbalary we 22 dýuýmlyk ýörite diskler ulagyň görküni artdyrýar.

Awtoulagyň salony Hytaýyň gadymy medeniýetinden ylham alnyp bezelipdir. Oturgyçlar: gyzyl reňkli (Volcanic Red) "Sensafin" emeli derisi bilen gaplanan. Oturgyçlaryň kellesindäki ýörite keşdeler Hytaýyň taryhy Dunhuan gowaklaryndaky diwar suratlarynda şekillendirilen "mukaddes atlardan" ylham alnyp taýýarlandy.

Awtoulaga münülýän ýerdäki altyn çaýylan "At ýyly" ýazgyly nakladkalar ulagyň gymmatyny görkezýär. BMW X5 Year of the Horse iki sany "ýumşak gibrid" (mild-hybrid) güýç desgalary bilen hödürlenýär: 2,0 litrlik hereketlendiriji: 258 at güýji we 3,0 litrlik hatar boýunça ýerleşen motor: 381 at güýji.
Iki wersiýa hem 8 basgançakly awtomatiki geçiriji we doly çekiji (xDrive) ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.


düýn 09:36
2.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......