2025-nji ýylda dünýäde tas 92 million täze awtoulag satyldy

  • 25.01.2026 02:50
  • 6.3k+

2025-nji ýylda dünýäde täze ýeňil awtoulaglaryň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende artdy. GlobalData-nyň maglumatlaryna görä, 12 aýda 91,9 million awtoulag satyldy, bu bolsa 2024-nji ýyldaky görkezijiden 3,6% ýokarydyr.
Ilkinji gezek ýyllyk satuwyň möçberi pandemiýadan öňki 2019-njy ýyldaky derejeden geçdi, şol ýyl dünýäde 90 milliondan gowrak awtoulag satylypdy. Şeýle-de bolsa, 2025-nji ýylyň dekabrynda dünýä bazarynda satuwlar peselip, 8,4 million awtoulag ýerlenildi, bu 2024-nji ýylyň dekabry bilen deňeşdirilende 2,5% pesdir.
Günbatar Ýewropa ýylyň ahyrynda ösüş gazanan az sanly sebitleriň biri boldy. Dekabr aýynda ol ýerde täze awtoulaglaryň satuwy 3,2% artyp, 1,17 million awtoulaga barabar boldy. Bu ösüş Germaniýada, Italiýada we Beýik Britaniýada alyjylaryň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Bütin ýylyň dowamynda Günbatar Ýewropada 13,4 million täze awtoulag satyldy, bu bolsa 2024-nji ýyldaky görkezijiden 0,3% köp.
Hytaýda bolsa, tersine, dekabr aýynda satuw 15,5% peselip, 2,5 million awtoulaga çenli düşdi. Bu pese gaçyş ýurtdaky awtoulag utilizasiýasynyň maksatnamasyna girizilen üýtgeşmeler bilen baglanyşyklydyr. 
Negatiw tendensiýalar ABŞ-da hem ýüze çykdy, bu ýerde awtoulag söwdasy 1,4% gowşady. Onuňam esasy sebäpleriniň biri — ýurtda elektrik awtoulaglara bolan hyrydarlygyň ep-esli peselmegi bilen bagly.


düýn 19:03
3.8k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

düýn 14:32
1.9k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

02.06.2026 12:41
3.1k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......