Şanhaýda robotlar üçin bogun öndürýän dünýäde ilkinji zawod açyldy

  • 30.01.2026 03:01
  • 1.6k+

Şanhaýda adamşekilli robotlar üçin elleriň, aýaklaryň we beýleki «beden agzalarynyň» hereketine jogap berýän bogunlary öndürmäge ýöriteleşdirilen dünýäde ilkinji zawod işe girizildi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Zawod Hytaýyň Eyou Robot Technology kompaniýasyna degişlidir.
Neşiriň maglumatlaryna görä, desganyň taslama kuwwaty ýylda 100 müň sany bogny öndürmäge niýetlenendir. Geljekde kompaniýanyň ýolbaşçylary önümçilik ukybyny, takmynan, üç esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Kärhananyň hünärmenleri bogun birleşmeleriniň ähmiýetini nygtap, onuň bir adamşekilli robotyň özüne düşýän gymmatynyň, takmynan, 50%-ini düzýändigini belleýär.

Önümçilik hatarlarynyň giňeldilmegi gumanoid robotlaryň köpçülikleýin satuwy başlamazdan ozal Eyou Robot Technology kompaniýasynyň bazardaky ornuny berkitmäge gönükdirilendir. Gurama bu pudagyň giň gerimli ösüş tapgyryna çenli esasy bölekleriň öňdebaryjy üpjün edijisi bolmagy maksat edinýär.
Önümçilik binýadynyň ösdürilmegi bilen bir hatarda HHR-de ylmy gözlegler hem dowam edýär. Hytaýly inženerler «Science Advances» žurnalynda adamyň aýak sünkleriniň gurluşyny gaýtalaýan robotlaşdyrylan aýaklaryň nusgasyny tanyşdyrdy. South China Morning Post-yň maglumatlaryna görä, dünýäde ýüzlerçe ylmy-barlag toparlarynyň işjeňlik görkezýän wagtynda Hytaýda adamşekilli robotlaryň eýýäm gönüden-göni zawod konweýerlerinde ulanylyp başlanan ýagdaýlary hasaba alyndy.


09.06.2026 23:04
2.4k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.1k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......