iPhone Air Hytaýda satuwa çykandan bary-ýogy birnäçe aý soň 30%-e golaý arzanlady

  • 25.01.2026 12:26
  • 3.9k+

Meşhur insaýder Ice Universe Hytaý bazarynda iPhone Air smartfonynyň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, smartfonyň bahasy gysga wagtyň içinde ep-esli aşak düşdi. Bu bolsa enjama bolan islegiň pesdigini we satuwy höweslendirmegiň zerurdygyny görkezýär.

Satuwa çykan wagty Hytaýda iPhone Air-iň bahasy 7 499 ýuan (takmynan 1 075 dollar) bolan bolsa, häzirki wagtda bu enjamy 5 499 ýuana (takmynan 788 dollar) satyn alyp bolýar. Diýmek, bahasy takmynan 27% aşaklapdyr. Bu ýagdaý Apple-iň täze modelleri üçin adaty bolmadyk ýagdaýdyr.
Apple smartfonlaryna şeýle arzanladyşlar, adatça, enjamyň önümçilik döwri tamamlanmaga golaýlanda ýa-da satuwda çynlakaý bökdençlikler ýüze çykanda edilýär.
iPhone Air geçen güýzde iPhone 17 seriýasynyň bir bölegi hökmünde hödürlenipdi. Bu model özüniň aşa inçe we ýeňil korpusy bilen tapawutlanýar we häzirki wagtda Apple-iň taryhyndaky iň inçe smartfondyr. iPhone Air çykandan soň beýleki öndürijiler hem şeýle görnüşli enjamlara gyzyklanma bildiripdiler, ýöne, mysal üçin, Xiaomi kompaniýasy welin şuňa meňzeş model çykarmakdan ýüz öwürdi.


11.06.2026 14:01
7.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.6k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......