Huawei Hytaýyň akylly sagat bazarynda öňdebaryjy, ýöne Apple ösüşini çaltlandyrýar

  • 16.02.2026 17:40
  • 2.2k+

Huawei kompaniýasy üpjünçiligini 46,8% artdyryp, bazaryň 24,5%-ine eýe bolmak bilen, Hytaýyň akylly sagat bazarynda birinji orny eýeledi. Bu barada Runto guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, My Drivers neşiri habar berýär.
Ikinji orunda 16,5% paý bilen Apple ýerleşýär. Has pes orundadygyna garamazdan, kupertinoly kompaniýa uly ösüş görkezdi — 76,8%.
Öňdebaryjylaryň üçlügini 8,8% paý we 65,4% ösüş bilen Xiaomi jemleýär.
Umuman alanyňda, Hytaýyň akylly sagat bazary geçen ýyl 21,34 million gurluşa ýetdi, bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende 15,6% köpdür. Şol bir wagtyň özünde, girdejiler bir ýarym esse artdy, bu bolsa ulanyjylaryň has gymmat modelleri işjeň saýlaýandygyny görkezýär. Gurluşlaryň ortaça bahasy, takmynan, 165 dollara ýetdi.
Umumy trend bazaryň diňe bir satylan sagatlaryň sany boýunça däl, eýsem satyn alynýan modelleriň gymmaty boýunça hem ösýändigini görkezýär. Bu bolsa köp funksiýaly we premium gurluşlara bolan islegiň artýandygyny aňladýar.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 11:15
2.8k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

17.06.2026 08:18
1.6k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......