Hytaýda awtoulaglar diňe hökmany ýol synagyny geçenden soň satuwa çykarylar

  • 26.01.2026 14:38
  • 6.4k+

Hytaýyň Senagat we maglumatlaşdyryş ministrligi awtoulaglaryň hilini barlamagyň täze kadalaryny tassyklady. Bu düzgünler 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer. Üýtgeşmeleriň esasy maksady — mundan ozal J.D. Power agentliginiň belläp geçen awtoulag ygtybarlylygynyň peselmeginiň öňüni almakdyr.
Gözegçilik ediji edaranyň maglumatlaryna görä, hiliň peselmegi bazardaky ýokary bäsdeşlik bilen baglanyşyklydyr. Öndürijiler alyjy ugrundaky göreşde täze modelleri taýýarlamagyň möhletini gysgaldýarlar we bazara doly kämilleşdirilmedik modelleri çykarýarlar. Täze talaplar bu ýagdaýy üýtgetmäge gönükdirilendir.
Tassyklanan standartlara laýyklykda, benzinli hereketlendirijisi bolan her bir täze model satuwa çykarylmazdan ozal, 30 müň kilometr aralygy geçip, çydamlylyk synagyndan geçmäge borçludyr. Synaglaryň ähli netijeleri resmi taýdan hasaba alynmalydyr.
Synag usullary awtoulagyň görnüşine baglylykda tapawutlanýar. Ýeňil awtoulaglar hem-de kuzowy bilen şassisi bitewi krossowerler diňe az ýükli ýagdaýda we esasan marşrutyň 55 göterimini tutýan şäher şertlerinde has oňaýly tertipde synalar. Ramaly wnedorožniklere goýulýan talaplar has berk bolup, synaglar doly ýükli ýagdaýda hem-de esasy üns ýokary tizlikli ýollara, dag ýollaryna we çagyl düşelen ýerlere berilmek arkaly geçiriler.
Elektromobiller we gibridler üçin synag ýolunda hökmany geçilmeli aralygyň 15 müň kilometre çenli azaldylanlygy-da bellärliklidir.


düýn 08:16
2.8k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....