Hemmäň ünsi smartfonda: Hytaýda telewizorlaryň satuwy soňky 10 ýylyň iň pes derejesine düşdi

  • 31.01.2026 22:23
  • 3.5k+

AVC seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýda 27,63 million sany reňkli telewizor satyldy. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,4% az bolup, soňky on ýylyň dowamyndaky iň pes netijedir.
Hytaýda satuwyň iň ýokary derejesi 2016-njy ýylda hasaba alnyp, şonda bazar 50 million sany telewizora ýetipdi. Şondan bäri satuwyň yzygiderli peselýändigine üns berilýär. Şeýlelikde 2021-nji ýylda satuw mukdary 40 milliondan aşak düşdi.
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda bazarda 1,8%-lik ujypsyz ösüş bellense-de, ikinji ýarym ýyllykda bary-ýogy 13,88 million telewizor satyldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründen 20% azdyr. Netijede, ýyllyk satuw täze iň pes derejä ýetdi.
Bu dowamly peselişiň esasy sebäbi — islegiň gaýtalanmajaz derejede azalmagydyr. 
Mobil enjamlar, smartfonlar we planşetler ulanyjylaryň wagtynyň ep-esli bölegini alýar, şol sebäpli köpler telewizoryň öý tehnikasy hökmünde zerurlygyna-da şübhelenip başladylar.
AVC ýakyn geljekde ýagdaýyň gowulanmagyna garaşmaýar. 2026-njy ýylda Hytaýda reňkli telewizorlaryň umumy bölekleýin satuw mukdarynyň 27,06 million sanawa deň boljakdygy çak edilýär. Ýöne bu-da 2025-nji ýylyň görkezijisinden 2,1% azdyr.

 


12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....