2025-nji ýylda dünýädäki ähli gämileriň ýarysyndan gowragy Hytaýda guruldy

  • 05.02.2026 10:51
  • 2.9k+

Hytaýyň gämi gurluşyk senagaty 2025-nji ýylda üç sany esasy görkeziji boýunça dünýäde ýene-de birinji orny eýeledi. Ýurt eýýäm 16 ýyl bäri yzly-yzyna öz liderligini saklap gelýär. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi habar berýär.
Ýylyň dowamynda ýurtda jemi dedweýti (ýük agramy) 53,69 million tonna bolan gämileriň gurluşygy tamamlandy. Bu bolsa geçen ýylyň görkezijisinden 11,4% köp diýmekdir. 
Netijede 2025-nji ýylda dünýäde gurlan ähli gämileriň 56,1%-i Hytaýyň gämi zawodlarynyň paýyna düşdi.
Hytaýda gämi gurluşygy boýunça alnan täze sargytlaryň möçberi 107,82 million tonna dedweýti düzdi. Bu bolsa hasabat döwründe dünýä boýunça ýerleşdirilen ähli täze sargytlaryň 69%-ine gabat gelýär.
Dekabr aýynyň ahyryna çenli Hytaýyň gämi gurluşyk kompaniýalarynyň sargytlarynyň umumy portfeli 274,4 million tonna dedweýte ýetdi we geçen ýyl bilen deňeşdirilende 31,5% ýokarlandy. Sinhua agentliginiň habar bermegine görä, bu görkeziji boýunça Hytaýyň dünýä gämi gurluşygyndaky paýy 66,8%-e deň boldy.

 


düýn 10:04
4.6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
11k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......