Michelin Hytaýda 36 sekuntda bir teker öndürýän zawody açdy

  • 29.01.2026 17:40
  • 5.1k+

Michelin topary Şanhaýda dünýäde ilkinji «future factory» («geljegiň zawody») formatly zawody açdy. Döwrebap önümçilik hatarlary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana her 36 sekuntda bir teker öndürmäge ukyplydyr.
Bu taslama gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 3 mlrd ýuana (takmynan, 425 mln dollar) barabar boldy. Täze zawod Hytaýda elektromobiller we gibrid ulaglar üçin tekerlere bolan ýokary islegi kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Täze zawod hatda 100 tekerden ybarat kiçi sargytlary hem ýerine ýetirip bilýär, bu bolsa iri şina önümçiligi üçin seýrek bolýan ýagdaýdyr. Sanlaşdyrmagyň we awtomatizirlemegiň netijesinde sargydyň kabul edilen pursatyndan önümi ugratmaga çenli möhlet 10 günden 5 güne çenli azaldy. Bu bolsa «takyk wagtynda» modeli boýunça işleýän awtoöndürijiler üçin örän möhümdir.
Öndürilýän önümleriň takmynan 70%-i täze energiýa çeşmelerinde işleýän (NEV) awtomobiller üçin niýetlenendir. Michelin eýýäm Hytaýda NEV üçin premium teker bazarynyň 30%-den gowragyna gözegçilik edýär we ýerli awtokonsernler bilen hyzmatdaşlygy saklaýar.
Zawod dolulygyna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanýar. Emeli aň önümçilik proseslerini dolandyrýar, logistikany kämilleşdirýär, energiýa netijeliligini ýokarlandyrýar we galyndylaryň mukdaryny azaldýar.


21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.9k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....