Volkswagen Touareg ýitenok: Hytaýda V6 hereketlendirijili 2026-njy ýylyň modeli tanyşdyryldy

  • 25.01.2026 17:32
  • 3.4k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda özüniň flagman wnedorožniginiň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Touareg 2026 3.0 TSI Elite diýlip atlandyrylýan bu modeliň bahasy 756 000 ýuan (takmynan 108 400 amerikan dollary) bolup, ol diňe Hytaý bazary üçin niýetlenendir.

Awtoulag Obsidian Black Sport Package dizaýn bukjasy bilen üpjün edildi. Bu bukja gara reňkli R-stilli bamperleri, aýnalarynyň gara jäheklerini, aýna korpuslary we üçek reýlingleri, IQ.LIGHT HD matrisa faralaryny we 21 dýuýmlyk gara reňkli Leeds ýeňil erginden ýasalan diskleri öz içine alýar.
Awtoulagyň içki giňişligi iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen:

  • 15,05 dýuýmlyk ekranly Discover Pro multimedia ulgamy;
  • 12 dýuýmlyk sanly gurallar paneli;
  • 18 ugurda elektrik arkaly sazlanýan öň oturgyçlar;
  • 30 reňkli interýer yşyklandyryşy;
  • Dört zolakly howa gözegçiligi (klimat-kontrol) we açarsyz giriş ulgamy;
  • Elektrikli açylýan ýük bölüminiň gapysy we Dynaudio Consequence audio ulgamy.

2026-njy ýylyň Touareg modeli kuwwatly tehniki binýada eýedir. Onda 340 at güýjüni öndürýän 3,0 litrlik V6 benzinli hereketlendiriji, 8 tizlikli ZF awtomatiki guty, torsen merkezi differensially 4Motion doly çekiji ulgam, 5 derejeli beýiklik sazlamasy bolan adaptiw pnewmatik (howa) asma ulgamy, 8 sany sürüş režimi we gijeki görüş ulgamy (Night Vision) bar.


düýn 09:36
2.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

14.05.2026 11:11
4.6k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....