«Garri Potteriň» gahrymany Hytaý täze ýylynyň garaşylmadyk nyşanyna öwrüldi

  • 03.02.2026 19:18
  • 5.3k+

Hytaý täze ýylynyň bu ýylky dabarasynda garaşylmadyk gahryman peýda boldy. Gündogar kalendary boýunça 2026-njy ýylyň resmi nyşany bolan Otly gyzyl At (Ýylky) bilen bir hatarda, baýramçylygyň ýene bir resmi däl nyşany — Drako Malfoý peýda boldy.
Hemme zat däp bolan täze ýyl bezeglerinden başlandy. Adatça, 2026-njy ýylda 17-nji fewralda belleniljek Bahar (Çunsze) baýramyna taýýarlyk görlende, hytaýlylar gapylaryna ak pata berýän gyzyl zolaklary we «bagt» manysyny berýän 福 (fú) iýeroglifi ýazylan romblary asýarlar. Emma bu gezek ýaşlar baýramçylyga, sözüň doly manysynda, jady gatmak kararyna geldiler. Netijede gapylarda, ofislerde we dükanlarda «Garri Potterde» Tom Feltonyň janlandyran gahrymanynyň suratlary we otkrytkalary peýda bolup başlady. Munuň sebäbi iýeroglifleriň we sözleriň manysyndadyr. Çünki  Malfoýyň familiýasy hytaý dilinde 马尔福 (Mǎ'ěr fú) diýlip ýazylýar we 马 iýeroglifi «at», 福 bolsa «bagt» diýmegi aňladýar. At ýylynda şeýle sazlaşyk ünsden düşürer ýaly däldi.
Şunlukda, Drako Malfoý özboluşly täze ýyl arzuwyna — «bagt getirýän ata» öwrüldi we onuň geň-enaýy bezelen şekilleri  dessine sosial torlaryna,  şonça tizlikde X, Threads we Instagram platformalaryna ýaýradyldy.
Suratlaryň käbiri däbe eýerilip, başaşak asyldy. Beýle etmek, hytaý medeniýetinde bagtyň eýýäm «gelendigini» aňladýar.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

11.06.2026 14:01
7.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.6k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....