Aýyň arka tarapyndan alnan nusgalarda näbelli material tapyldy

  • 24.01.2026 11:58
  • 3.4k+

Aýyň arka tarapyndan alnan topragyň Ýere getirilen ilkinji nusgalary täze ylmy açyşlara sebäp boldy. South China Morning Post gazetiniň habaryna görä, hytaýly barlagçylar toprakdan diwarlary ýekeje atom galyňlygynda bolan örän inçe uglerod turbalaryny tapdylar.

Material örän berk we güýçli ýylylyk hem elektrik geçirijiligine eýedir. Olaryň häsiýetleri şu wagta çenli laboratoriýada öndürilen bir diwarly uglerod nanoturbalarynyň häsiýetlerine gabat gelýär. Mundan öň tebigatda şeýle gurluşlaryň diňe köp gatlakly analoglary –  kömür gatlaklarynda, buz ýadrolarynda we tokaý ýangyn zolaklarynda tapylýardy.
Alymlaryň pikiriçe, Aýda şeýle nanogurluşlaryň emele gelmegi adatdan daşary faktorlaryň täsiri bilen bagly bolup biler. Mümkin bolan sebäplere mikrometeorit täsirleri, uzak wagtlyk Gün şemaly we gadymy wulkan işjeňligi girýär. Bu şertlerde uglerod Aý topragynda demir bilen özara täsirleşip, onuň molekulýar gurluşynyň täzeden guralmagyna getirýär.
Aý topragynyň nusgalary 2024-nji ýylyň iýun aýynda «Çan'e-6» zondy tarapyndan getirilipdi. Seljerilenden soň, olar, takmynan bir ýyl ozal hytaýly ylmy toparlara elýeterli boldy. Mundan öň hiç bir ýurt Aýyň arka tarapyndan toprak almagy başarmandy. Soňky tejribe Aýyň geologik gurluşyny öwrenmek mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi.
Grafen öň Aýyň görünýän tarapynda tapylypdy. Ýöne bir diwarly uglerod nanoturbalarynyň tapylmagy ilkinji gezekdir. Aýda atmasferanyň we  işjeň geologik prosesleriň ýoklugy bu gurluşlaryň milliardlarça ýyllap durkuny üýtgetmän diýen ýaly galmagyna mümkinçilik berdi.
Bu açyş çylşyrymly uglerod gurluşlarynyň kosmos gurşawynda tebigy ýagdaýda emele gelip biljekdigini tassyklaýar we älemde maddanyň emele gelşi baradaky baradaky düşünjämizi giňeldýär.


11.06.2026 23:52
7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 10:55
1.6k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......