Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy

  • 01.02.2026 11:41
  • 8.9k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär.
Saparyň dowamynda Kir Starmer ýadygärlik sowgady hökmünde Si Szinpine «Mançester Ýunaýted» - «Arsenal» oýnunda ulanylan topy gowşurdy. 2026-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda Angliýanyň Premýer-ligasynyň çäginde geçirilen şol oýunda mançesterli futbolçylar 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazanypdylar.
Financial Times neşiriniň syýasy synçysy Jorj Parker hytaý lideriniň şol bir wagtda «Arsenal», «Mançester Siti» we «Kristal Pelas» ýaly toparlar bilen hem ýakyndan gyzyklanýandygyny aýdýar. Parkeriň nygtaýşy ýaly, köp wagtdan bäri «Arsenaly» goldap gelýän Kir Starmer hem Si Szinpiniň futbol älemindäki habarlardan gorunyň ýetikdigine geň galypdyr. 
«Starmer haýran galdy» diýip, žurnalist bu hakynda X jemgyýetçilik torunda hem belleýär.
Hytaý metbugat çeşmelerinde Si Szinpiniň çagalygyndan futbola höwesekdigi aýdylýar. Hut şol sebäpli-de ol milli futboluň öňünde Dünýä çempionatynyň final tapgyryna çykmak, onda üstünlikli çykyş etmek, hatda ýeňiji bolmak ýaly maksatnamalary hem goýýar. 
Hytaý lideri iňlis futbolunyň muşdagydygyny açyk-aýdyň görkezmese-de, onuň «Mançester Ýunaýted» bilen gyzyklanýanlygy baradaky habarlar eýýäm birnäçe wagt bäri köpçülige mälim. 
2015-nji ýylda Beýik Britaniýa bolan saparynyň çäginde HHR-yň Başlygy «Mançester Sitiniň» türgenleşik bazasyna hem barypdy. Metro neşiriniň ýazmagyna görä, Si Szinpiniň şol gezekki resmi sapary mahalynda ilki onuň «Old Trafford» arenasyna barmagy meýilleşdirilipdir, soňra meýilnama üýtgedilip, oňa derek söýgüli futbol toparynyň baýry bäsdeşiniň öý meýdançasy bolan «Etihad» stadionyna gezelenç guralmagy diplomatik düşünişmezlige getirer öýdülip, howsala-da döräpdir. 


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.1k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....